“Mufasa: Şa ýolbars” filminiň treýleri çykdy

  • 13.08.2024 11:00
  • 3.9k+

Walt Disney Studious D23 sergisinde meşhur animasion lentasynyň prikweli boljak “Mufasa: Şa ýolbars” (Муфаса: Король Лев) filminiň treýlerini hödürledi. Onuň premýerasy 20-nji dekabra meýilleşdirilýär.

Treýlerde Mufasa bilen Şramyň "I Always Wanted a Brother" aýdymy bilen bilelikde ilkinji duşuşygy görkezilýär.
Film baradaky gysgaça maglumat: "Hekaýa, Mufasany şa ganynyň mirasdüşeri Taka (Şram) bilen duşuşmazdan ozal ýetim ýolbars çagasy hökmünde görkezýär".
Filmiň sýužetinde Rafiki Simba bilen Nalanyň gyzy Kiara Mufasa baradaky rowaýaty gürrüň berýär. Gürrüňiň dowamynda Timon we Pumba hem öz degişmeleri bilen çykyş edýärler.
Režissýor Barri Jenkins Mufasanyň maşgalasy we dostlary arkaly tomaşaçylaryň tanaýan keşbine girendigini belläp geçýär. Mufasanyň keşbini Aaron Pýer seslendirýär. Beýleki aktýorlar: Mads Mikkelsen, Donald Glower, Beýonse we gyzy Blýu Aýwi, Set Rogen we Billi Aýnkner.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......