Türkmen talyplary Bolgariýada matematika olimpiadasynda 14 medal gazandylar

  • 13.08.2024 10:22
  • 7.3k+

Türkmenistanly talyplar şu ýylyň 5—11-nji awgusty aralygynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň London uniwersitetiniň kollejiniň Bolgariýadaky Amerikan uniwersiteti bilen bilelikde geçiren 31-nji Halkara matematika bäsleşiginde (IMC-2024) üstünlikli çykyş edip, ýokary netije gazanmagy başardylar.

Bolgariýanyň Blagoýewgrad şäherinde geçirilen bu bäsleşikde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyplary gatnaşyp, 14 sany dürli derejedäki medallara, ýagny 3 altyn, 3 kümüş, 8 bürünç medala we höweslendiriji Hormat hatlaryna mynasyp boldular. Bu barada Magtymguly adyndaky TDU-nyň resmi saýtynda habar berilýär.
Bäsleşige jemi 60-dan gowrak ýurtdan 400-den gowrak talyp gatnaşdy. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň talyplary bu uly olimpiadada jemi 1 altyn, 3 kümüş, 4 bürünç medal gazandylar.
Altyn medala uniwersitetiň matematika fakultetiniň 3-nji ýyl talyby Nurjanowa Şabibi, kümüş medala maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Maksadow Söhbet hem-de şol fakultetiň 3-nji ýyl talyplary Wellekow Emir, Jepbarow Balkan dagy mynasyp boldular. Bürünç medaly bolsa matematika fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Garlyýewa Sähragül, şeýle hem maglumat ulgamlary we tehnologiýalary fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Döwletmyradow Salyhbek, 3-nji ýyl talyplary Ataýew Hajymuhammet, Gaýypow Didar dagy gazandylar.


Şol bäsleşigiň dowamynda 60-dan gowrak ýurduň wekilleriniň arasynda geçirilen "The Most Effective Team Leaders in IMC 2024" (Iň tejribeli topar ýolbaşçy IMC 2024) bäsleşiginde Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Matematiki analiz kafedrasynyň mugallymy Agaserdar Ýollyýew kümüş medala mynasyp boldy. Bu ýeňiş topar ýolbaşçylaryň arasyndaky bäsleşikde olimpiadanyň taryhy boýunça ýurdumyzda ilkinji gezek gazanylan ýeňiş boldy.


şu gün 07:55
722

Oguz han adyndaky ITU daşary ýurt uniwersitetleri we kompaniýalary bilen 5 şertnama baglaşdy

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde 10-11-nji iýun aralygynda Ylymlar güni mynasybetli «Oguz han uniwersiteti: zehin, innowasiýa, ösüş» atly halkara ylmy-amaly maslahat......

düýn 07:39
3.2k+

TOHI-niň mugallymlary Moskwadaky halkara bäsleşiklerde uly üstünlik gazandy

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary Russiýa Federasiýasynyň ylym-bilim edaralary tarapyndan guralan halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş edip, ýokary orunlary eýeledi....

08.06.2026 23:01
2.8k+

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-da durnukly ösüşiň bähbidine iň gowy taslamalar sylaglandy

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününe hem-de Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmekde......

02.06.2026 20:35
4k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......