Microsoft oktýabrda 21H2 we 22H2 wersiýaly Windows 11-i goldamagyny bes eder

  • 12.08.2024 23:45
  • 1.5k+

Microsoft Windows 11 21H2 we 22H2 wersiýalarynyň goldawynyň ýakyn wagtda gutarjakdygyny habar berdi. 2024-nji ýylyň 8-nji oktýabryndan başlap bu wersiýalar howpsuzlyk täzelenmelerini we beýleki gowulaşdyrmalary almagyny bes eder diýip, Neowin portaly habar berýär.

Ulanyjylara operasion ulgamy has täze wersiýalara çenli täzelemek maslahat berilýär.
Häzirki wagtda 21H2 wersiýaly Windows 11 eýýäm adaty ulanyjylar üçin goldanylmaýar, yzygiderli täzelenmeleri diňe Enterprise, Education we IoT Enterprise ýaly korporatiw wersiýalar alýar. 22H2 wersiýaly Windows 11 üçin Home we Pro wersiýalarynyň goldawy hem 8-nji oktýabrda tamamlanar.
Resmi Windows Health Dashboard saýtynda ýerleşdirilen maglumatlara görä, oktýabr täzelenmesi görkezilen wersiýalar üçin iň soňky bolar. Şondan soň gurluşlar aýlyk howpsuzlyk täzelenmelerini almagy bes ederler.
Ulanyjylaryň eýýäm ulgamy 2025-nji ýylyň 11-nji noýabrynda goldawy gutarjak 23H2 wersiýaly Windows 11-e çenli täzelän bolmagy mümkin. Kompýuteriňizde operasion ulgamyň wersiýasyny bilmek üçin şu boýunça geçiň: “Sazlamalar” >”Ulgam” >”Maglumat” («Настройки» > «Система» > «Информация»).


23.02.2026 13:14
1.4k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.1k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...

09.02.2026 15:19
1.5k+

Windows 11 printerleriň köne modellerini goldamagyny bes etdi

​Ýanwar aýynda Microsoft kompaniýasy Windows 11 üçin täzelenme çykardy. Bu täzelenme bilen printerleriň könelen V3 we V4 wersiýaly draýwerleriniň goldawy bes edildi. Täzelenme tapgyrma-tapgyr ýaýradylýar we wagtyň geçmegi bilen ähli goldanylýan kompýuterlere gurlar...

08.02.2026 21:15
901

Windows-yň täze wersiýasynda Copilot çat-boty gurnama işleri tamamlanmanka peýda bolýar

Copilot emeli aň ulgamy indi Windows-a şeýle bir çuňňur ornaşdyryldy welin, hatda operasion ulgamy gurnamak prosesi (OOBE) doly tamamlanmanka-da çat-bot bilen söhbetdeş bolup bolýar. Bu gyzykly aýratynlyga inžener Rafael Riwera üns berdi we Windows-y täzeden gurnamak wagtynda alan ekran suratlaryny paýlaşdy...