Ambani maşgalasynyň baýlygy Hindistanyň jemi içerki önüminiň 10%-ini emele getirdi

  • 12.08.2024 23:39
  • 12k+

Milliarder Mukeş Ambaniniň maşgalasy 25,75 trln rupiýa ($385,5 mlrd) möçberde baýlygy bilen Hindistanyň iň baý maşgalalarynyň reýtinginde birinji orny eýeleýär. Bu 2023-nji ýylda Bütindünýä bankynyň maglumatlaryna görä, $3,549 trln bolan Hindistanyň nominal jemi içerki önümine deň diýen ýaly diýip, Barclays-Hurun India bankynyň hasabatyna salgylanyp, Hindustan Times neşiri habar berýär. 

Reýtingiň ikinji ornunda Bajaj Auto awtomobil kompaniýasynyň eýesi Niraj Bajajyň maşgalasy ýerleşdi. Onuň baýlygy 7,13 trln rupiýa (80 mlrd dollardan gowrak) bilen bahalandyrylýar. Üçünji orny 5,39 trln rupiýa (takmynan, 60 mlrd dollar) bilen gazylyp alynýan peýdaly magdanlar, sement önümçiligi we maliýe hyzmatlary pudaklarynda aktiwlere eýe bolan Kumar Birlanyň maşgalasy eýeledi.
Umuman alanyňda, Hindistanyň üç uly maşgala kärhanasynyň emlägi 460 mlrd dollar diýlip hasaplanýar, bu bolsa Singapuryň JIÖ-ne deňdir.
Hurun India-nyň esaslandyryjysy Anas Junaid maşgala kärhanalarynyň global bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga ýardam etmek we öz aktiwlerini diwersifikasiýalaşdyrmagyň netijesinde ykdysady durnuklylygy üpjün etmek arkaly Hindistanyň ykdysadyýetiniň ösmeginde möhüm rol oýnaýandygyny belledi.
Forbes-iň maglumatlaryna görä, Mukeş Ambaniniň baýlygy 113,9 mlrd dollar diýlip hasaplanylýar, bu hem ony dünýäde 11-nji baý adam edýär. Ol nebithimiýa, nebit we gaz, telekommunikasiýa, ownuk söwdada we maliýe hyzmatlary bilen gyzyklanýan uly konglomerat Reliance Industries-i dolandyrýar. 2023-nji ýylda Ambaniniň üç çagasy Reliance-niň müdirler geňeşine goşuldy.
Iýul aýynda onuň kiçi ogly Anant Ambaniniň farmaseswtika magnatynyň gyzy Radhika Merçant bilen kaşaň toýy boldy. The Guardin-yň maglumatlaryna görä, toýa, takmynan, 600 mln dollar sarp edildi.


22.03.2026 08:09
4.5k+

Samsung Hindistanda Galaxy S26-ny ýarty bahasyna satyn almagy teklip etdi

Samsung kompaniýasy Hindistanda Galaxy S26 seriýasynyň smartfonlary üçin «Galaxy Forever» maksatnamasyny işe girizdi. Bu taslama öňki nesillerden has gymmat bolan täze modelleri satyn almagy ýeňilleşdirmäge gönükdirilendir...

20.03.2026 20:04
5.9k+

Hindistan bazarlary horlanmak üçin niýetlenen arzan bahaly dermanlardan doldurmakçy

«Hindistanda semaglutid maddasyna bolan patent möhletiniň tamamlanmagy, horlanmak üçin niýetlenen dermanlaryň bahasynyň düýpli peselmegine we dünýä bazarynyň üýtgemegine getirmegi mümkin. Gürrüňi edilýän madda Novo Nordisk kompaniýasynyň meşhur «Ozempik» we «Wegowi» dermanlarynyň hem esasy düzümini eýeleýär» diýip, BBC News habar berýär...

17.03.2026 18:15
2.6k+

Ýurdumyzyň hususy pudagynyň wekilleri öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýar

Şu gün, 17-nji martda Türkmenistanyň söwda-senagat edarasynda giň gerimli sergi öz işine başlady. Bu sergi Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 18 ýyllygyna bagyşlanýar. Serginiň...

13.03.2026 17:58
3.1k+

Indi her dördünji iPhone Hindistanda öndürilýär

Apple kompaniýasy Hindistandaky iPhone önümçiligini ep-esli artdyrdy. Häzirki wagtda kompaniýanyň smartfonlarynyň takmynan dörtden biri hut şol ýerde ýygnalýar. Bloomberg agentliginiň maglumatyna görä, geçen ýyl Apple-yň potratçylary Hindistanda 55 milliona golaý iPhone öndürdiler...