Jastin Biber hindi milliarderiniň oglunyň toýdan öňki oturylyşygyndan 10 million dollar gazandy

  • 09.07.2024 22:22
  • 28k+

Kanadaly estrada aýdymçysy Jastin Biber Mumbaýda hindi milliarderi Mukeş Ambaniniň körpe ogly Anant Ambaniniň toýdan öňki oturylyşygynda çykyş etdi.

Hindi metbugatynyň berýän habaryna görä, aýdymçynyň çykyşynyň haky 10 million dollar bolup, Riannanyň mart aýynda Ambaniniň öňki toý dabarasynda eden çykyşy üçin alan hakyndan köp boldy.
Biber sangit dabarasynda – iki guda tarapyndan ýigit bilen gelniň şanyna guralýan tomaşa däbiniň dabarasynda çykyş etdi. Bu dabaranyň esasy çäresi - gelindir ýigit tarapdan gelenleriň arasyndaky tans bäsleşigi hasaplanýar.

Aýdymçy “Çaga”(“Baby”), “Özüňi söý” (“Love Yourself”), “Bagyşlaň” (“Sorry”), “Näme diýmek isleýärsiň?” (“What Do You Mean?”) we "Häzir Ü nirede?" (“Where Are Ü Now”) ýaly birnäçe hitlerini ýerine ýetirdi. Ol Hindistana eden saparyny özüniň Instagram sahypasynda gyzgalaňly beýan etdi.
Reliance Anil Dhirubhai Ambani Group kompaniýasynyň eýesi Mukeş Ambani Hindistanda we Aziýada iň baý adam hasaplanýar. Onuň baýlygy 120,9 milliard dollar diýlip çaklanylýar, onuň iň kiçi mirasdüşeri Anant Ambani milliarder Şri Wiren Merçantyň gyzy Radhika Merçant bilen durmuş gurýar. Toý 12-nji iýulda bolar.


31.01.2026 14:47
2.5k+

Waşingtonyň milli muzeýi Hindistana degişli gadymy heýkelleri yzyna gaýtarar

Waşingtondaky Aziýa sungatynyň milli muzeýi Hindistandan bikanun alnyp gaýdylan üç sany gadymy heýkeli yzyna gaýtarar. Bu barada muzeýiň metbugat gullugy habar berdi. Gürrüň Hindistanyň günortasyndaky ybadathanalarda saklanylan X, XII we XVI asyrlara degişli heýkeller barada gidýär...

27.01.2026 11:29
2.3k+

Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy mynasybetli resmi kabul edişlik geçirildi

Aşgabatda Hindistanyň milli baýramy — Respublika güni mynasybetli «Ýyldyz» myhmanhanasynda dabaraly kabul edişlik geçirildi. Çärä Hindistanyň Türkmenistandaky Ilçisi Bandaru Wilsonbabu we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow gatnaşdy...

16.01.2026 11:40
4.8k+

Aşgabatda dürli ýyllaryň hindi kinolarynyň görkezilişi bolar

2026-njy ýylyň 20–24-nji ýanwary aralygynda Aşgabatda Hindi kinosynyň festiwaly geçiriler. Kinolary «Aşgabat» kinoteatrynda görkeziler. Çäräni Hindistanyň Aşgabatdaky ilçihanasy Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Hindistanyň Maglumatlar we teleradioýaýlymlar ministrligi bilen bilelikde guraýar...

10.11.2025 06:29
6.8k+

Dünýäde iň köp okaýan ýurtlaryň reýtingi düzüldi

Dünýäniň dürli ýurtlarynda kitap okamak endigi özara ep-esli tapawutlanýar. World Population Review tarapyndan taýýarlanan reýtinge görä, häzirki wagtda okamaga iň köp wagtyny sarp edýän ýurt — ABŞ. Amerikalylar ýylyň dowamynda ortaça 357 sagat okap, bu döwürde takmynan 17 kitap tamamlaýarlar...