Hindistanda toýdan öňki dabara 151 mln dollar sarp edildi. Myhmanlaryň arasynda Rianna, Bill Geýts we Mark Sukerberg bar

  • 05.03.2024 22:02
  • 37k+

Hindistanda milliarder Mukeş Ambaniniň mirasdüşeri, 28 ýaşly Anant Ambani bilen hindistanly işewür Wiren Merçantyň gyzy Radhiki Merçantyň toýy mynasybetli üç günlük toýdan öňki dabara geçirildi. Ýaşlar geçen ýylyň ýanwar aýynda Gol Dhana dabarasynda adaglandylar, toý 12-nji iýulda bolar diýip, Times of India ýazýar.

 

Belli bolşy ýaly, bu dabarada Rianna çykyş etdi we käbir maglumatlara görä, oňa 6 mln dollar tölendi. 1000-den gowrak adamy ýygnan dabaranyň myhmanlarynyň arasynda Bill Geýts, Iwanka Tramp, Mark Sukerberg we Bolliwudyň köp sanly ýyldyzlary hem bar.
Çeşmeler üç gün dowam eden dabaranyň dress-kodunyň dokuz sahypada ýazylandygyny habar berýärler. Myhmanlar üçin hödürlenen tagamlar bolsa 40-dan gowrak meşhur aşpezler tarapyndan taýýarlandy, olar myhmanlara 2500-den gowrak hindi, meksika, ýapon we panaziýa naharlaryny hödürlediler. Bu çärä 151 mln dollardan gowrak pul sarp edildi.
Öýlenýän ýigidiň kakasy Mukeş Ambani Reliance Anil Dhirubhai Ambani Group kompaniýasyna eýeçilik edýär we ol “Forbes” žurnalynyň wersiýasyna görä, dünýäniň iň baý on adamynyň hataryna girýär. Onuň baýlygy, takmynan, 117 mlrd dollar bilen bahalandyrylýar. 


düýn 22:08
2.2k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

08.06.2026 17:48
7.6k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

01.06.2026 11:50
11k+

Hindistanly adam 858 sany kagyz bulgury bilen Rekordlar kitabyna girdi

Hindistanyň 57 ýaşly ýaşaýjysy Sunil Jozef Ginnesiň rekordlar kitabynyň hünärmenleri tarapyndan resmi taýdan hasaba alnan kagyz bulgurlarynyň dünýädäki iň uly ýygyndysynyň eýesi boldy....