Alymlar planetamyzy 1,2 km çuňluga çenli burawlap, Ýeriň mantiýasynyň iň çuň ýerinden nusga aldylar

  • 12.08.2024 23:36
  • 10k+

Kardiff uniwersitetiniň alymlary Ýeriň mantiýasynyň dag jynsyndaky iň çuň çukury burawladylar. Barlagçylar mantiýanyň ýokarky böleginiň gurluşy we onda bolýan himiki prosesler barada möhüm maglumatlary berýän kerniň nusgasyny almak üçin Atlantik ummanynyň 1268 metr çuňlugyna aralaşmakda Joides Resolution buraw gämisinden peýdalandylar diýip, Reuters habar berdi.

Barlagçylar öz netijelerini Science žurnalynyň sahypasynda çap bolan makalasynda paýlaşdylar. Mantiýanyň jynsynyň deňiz suwy bilen täsirleşmegi Ýerdäki ýaşaýşyň gelip çykyşyna düşünmekde möhüm açar bolup biler diýen teoriýany goldaýarlar.
Kerniň nusgasy magniniň ýokary konsentrasiýasyny we garaşylýandan has az pirokseni görkezdi, bu bolsa jynsyň eremeginiň ozal pikir edilişinden has güýçlidigini görkezýär.
Şeýle hem barlaglar irki ýaşaýyş görnüşleriniň emele gelmegi bilen baglanyşykly bolup biljek oliwiniň deňiz suwy bilen täsirleşmesinden wodorodyň we beýleki molekulalaryň emele gelendigini ýüze çykardy.

Burawlamak işi Lost City gidrotermiki ýatagyň golaýynda, deňziň düýbündäki aşa gyzgyn suw çüwdirimlerini pürkýän gidrotermal çeşmeleriň meýdanynda geçirildi. Barlagçylar hut şunuň ýaly ýerde we şeýle gurşawda Ýerdäki ýaşaýşyň döräp biljekdigine ynanýarlar.
Barlaglaryň netijeleri alymlara magmanyň we wulkanizmiň emele geliş proseslerini mundan beýläk-de öwrenmäge, şeýle hem planetamyzdaky ýaşaýşyň döreýşi we ewolýusiýasy barada bilimleri giňeltmäge mümkinçilik berer.


şu gün 10:51
44

Prada we Axiom Space Aýda geýiljek skafandryň içki gatlagyny görkezdi

"Prada" we "Axiom Space" kompaniýalary LCVG (suwuklyk bilen sowadýan we wentilýasiýa edýän eşik) atly içki sowadyjy we wentilýasiýa eşigini tanyşdyrdylar. Ol astronomlaryň Aýyň üstünde işleýän wagty beden......

08.06.2026 16:45
3.7k+

Ýantar daşynda 40 million ýyl mundan ozal ýaşan guşuň ýelegi tapyldy

40 million ýyllyk taryhy bolan baltika ýantarynyň nusgasyndan guş ýelegi ýüze çykaryldy. Bu tapyndy dünýä ýantarynyň köp böleginiň çykarylýan ýeri bolan Palmniken ýatagynda (Ýantarnyý kärhanasy) edildi.......

08.06.2026 16:26
4.4k+

Kepjebaş ösümligi täze pidalary özüne çekmek üçin ähli awyny diýen ýaly goýberýär

Ýaponiýadaky Okinawa ylym we tehnologiýalar institutynyň (OIST) alymlary "kepjebaş ösümligi" diýlip atlandyrylýan ýyrtyjy ösümlik kaliforniýa darlingtoniýasynyň (Darlingtonia californica) aýratynlyklarynyň......

07.06.2026 20:00
1.7k+

Atoma we aýnalara esaslanan ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagatlary döredildi

Alymlar daşky utgaşdyrmasyz wagty ölçemäge ukyply bolan, ilkinji dolulygyna awtonom kwant sagadynyň nazary modelini işläp düzdüler....