Serdar Berdimuhamedow Hazar deňziniň gününe bagyşlanyp geçirilýän maslahata gatnaşyjylary gutlady

  • 12.08.2024 13:11
  • 9.4k+

Şu gün Türkmenistanda «Hazar deňzi: durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlyk» atly ylmy-amaly maslahat öz işine başlady. Prezident Serdar Berdimuhamedow ýokary guramaçylyk derejesinde bellenilip geçilýän Hazar deňziniň güni hem-de maslahatyň öz işine başlamagy mynasybetli oňa gatnaşyjylara Gutlag iberdi. Gutlag "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.

Döwlet Baştutany Gutlagynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň sebitinde söwda-ykdysady, medeni-durmuş gatnaşyklarynyň ösdürilmegi ugrunda Hazarýaka döwletleriň giň goldawyna eýe bolýan möhüm başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýändigini nygtady.

"Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2002-nji ýylda Aşgabat şäherinde geçirilen birinji Hazar sammiti Hazarýaka döwletleriň arasynda hyzmatdaşlyk etmekde möhüm ädim boldy. Bu taryhy waka ähli ugurlar boýunça gatnaşyklaryň ösdürilmegi üçin berk binýat bolmak bilen, sebitde özara arkalaşykly hereket etmek üçin köp sanly meseleleriň çözülmegine uly badalga berdi. Hazar deňziniň sebiti boýunça birnäçe köptaraplaýyn resminamalaryň, şol sanda deňiz gurşawyny goramak hakynda Çarçuwaly konwensiýanyň hem-de Hazar deňziniň hukuk ýagdaýy hakynda Konwensiýanyň taýýarlanylmagynda ilkinji Hazar sammitiniň wajyp ähmiýeti bardyr" diýip, Serdar Berdimuhamedow belledi.
Hazar deňziniň gurşawyny gorap saklamak, sebitde ekologik abadançylygy üpjün etmek bilen bagly wezipeler bäş döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň möhüm ugry hökmünde hemişe üns merkezinde saklanýar. Hazar deňzi we onuň daşky gurşawy ýüze çykýan dürli wehimlere, şol sanda howanyň üýtgemegi bilen bagly howplara duýgur özboluşly tebigy toplumdyr. Bu ugurda Türkmenistan sebitiň ähli ýurtlaryny we gyzyklanma bildirýän halkara guramalary Hazaryň baý ekoulgamlaryny, özboluşly biologik köpdürlüligini ylmy taýdan öwrenmek, gorap saklamak boýunça bilelikdäki hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge çagyrýar. Hazar sebitindäki ekologik meseleleri çözmek bilen bagly wezipeleriň giň toplumy babatda jikme-jik we ýokary derejede gatnaşyk etmek üçin «Hazar ekologik başlangyjyny» döretmek baradaky teklibi öňe sürdük. Bu başlangyjyň durmuşa geçirilmeginiň ýurtlaryň ekologik abadançylygyna gönükdirilen tagallalaryny birleşdirmekde we geljekde has netijeli ädimleri bilelikde ätmekde möhüm gural bolup hyzmat etjekdigine berk ynanýarys, diýip döwlet Baştutany belleýär.

 


düýn 16:02
1.1k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
4k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.9k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......