Kosmosa petegiň bahasy näçe: Virgin Galactic bahany mälim etdi

  • 12.08.2024 00:58
  • 10k+

Virgin Galactic amerikan kompaniýasy 2026-njy ýylda täjirçilik ulanylyşa goýberilmeli täze Delta gämisinde kosmos syýahaty üçin petegiň bahasyny mälim etdi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Maýkl Kolgeýzer petegiň bahasynyň adam başyna 600 müň dollar boljakdygyny aýtdy diýip, SpaceNews habar berýär.

Delta kosmos gämisi alty ýolagça niýetlener. Virgin Galactic ulanylyşyň ilkinji ýylynda 750 töweregi adamy gatnatmagy meýilleşdirýär, bu kompaniýa 95-110 mln dollar möçberde girdeji getirer.
Geljekde kompaniýa flotuny dört gämä we iki uçara çenli giňeltmegi göz öňünde tutýar, bu hem uçuşlaryň sanyny ýylda 275-e ýetirmäge mümkinçilik berer. Munuň kompaniýa ýylda 990 mln dollar möçberde girdeji getirmegine garaşylýar.
Şeýle-de, Virgin Galactic Ýewropada ýa-da Ýakyn Gündogarda ikinji kosmodromyny açmak mümkinçiligine seredýär. Bu meýilnama durmuşa geçirilen ýagdaýynda, kompaniýanyň kosmos syýahatçylygyndan gazanýan girdejisi ýylda 1,98 mlrd dollara ýetip biler.  


23.02.2026 20:02
13k+

Hytaýda bir kofehana kert gaýada kofe içmäge çagyrýar: bu ýeri internetde trend boldy

Hytaýyň Fuszýan welaýatynda, deňiz derejesinden has belentde, kert gaýanyň gyrasynda ýerleşýän kofehana Hytaý Täze ýylynyň dynç alyş günlerinde iň meşhur ýerleriň birine öwrüldi. Bu ýerde kofe içmek üçin gelýänler ýörite alpinist enjamlaryny geýip, gaýanyň ýüzündäki insiz tagtanyň üstünde oturyp, mawy deňziň görnüşinden lezzet alýarlar...

09.02.2026 16:11
7k+

Dünýä rekordy: Hytaýda geçen şüweleňde birbada 22 580 dron asmana göterildi

Hytaýyň Hefeý şäherindäki meýdançada 2026-njy ýylyň Bahar baýramyna (Hytaý Täze ýylyna) bagyşlanan gala-konsertiň çäklerinde 22 580 sany dron asmana göterilip, täze dünýä rekordy goýuldy.  Bu täsin tomaşa bada-bat «Bir kompýuter tarapyndan dolandyrylan iň köp sanly dronlar» ugry boýunça Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi diýip, CGTN teleýaýlymynda habar berilýär...

15.01.2026 21:31
7.6k+

Amerikan startapy Aýdaky myhmanhanalar üçin 250 müň dollardan petek satyp başlady

Galactic Resource Utilization Space (GRU Space) amerikan startapy Aýyň üstünde myhmanhana otaglaryny bron etmek üçin öňünden tölegiň kabul edilip başlanýandygy barada habar berdi. Geljekki müşderilere ilkinji Aý missiýalarynyň birine gatnaşmak üçin 250 müň dollardan 1 mln dollara çenli töleg geçirmek teklip edilýär diýip, ArsTechnica neşiri habar berýär...

31.12.2025 09:09
13k+

Hytaý Türkmenistanyň raýatlary üçin gysga möhletli wizalary almagyň tertibi ýeňilleşdirdi

Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy wiza resmileşdirilende barmak yzlaryny tabşyrmakdan boşadylýan raýatlaryň sanawyny giňeltdi. Täze düzgünler eýýäm güýje girdi we 2026-njy ýylyň 31-nji dekabryna çenli hereket eder...