Apple täze dizaýnly iň ykjam Mac mini kompýuterini taýýarlaýar

  • 10.08.2024 15:37
  • 2.5k+

Apple kompaniýanyň taryhynda iň ykjam kompýuter boljak täze dizaýn bilen täze M4 Mac mini-ni hödürlemegi meýilleşdirýär. Üýtgeşmeler gurluşa ölçegi boýunça Apple TV bilen deňleşmäge mümkinçilik berer, ýöne onuň beýikligi häzirkizaman komponentleri we sowadyş ulgamyny ýerleşdirmek üçin birneme ulaldylyp bilner diýip, Overclockers ýazýar. Belläp geçsek, häzirki Apple TV modeliniň beýikligi 1,4 dýuým.

M4 Mac mini soňky 13 ýylda Mac maşgalasynda dizaýnyň ilkinji möhüm täzelenmesi bolar. Kompaniýa onuň berkligini üpjün etmek üçin alýumin korpusy ulanar.
Ölçegiň kiçeldiljekdigi baradaky çaklamalara garamazdan, häzirlikçe munuň üçin nähili üýtgeşmeleriň boljakdygy barada giňişleýin maglumatlar ýok. Ýöne kompaniýa Ethernet üçin RJ45-i aýryp, ony Thunderbolt porty bilen çalşyp biler.
Bloomberg-den Mark Gurman M4 Mac mini-ni Apple-iň has inçe we has ykjam gurluşlary döretmek ugrundaky ýene bir ädimi hasaplaýar, onuň sözlerine görä, bu geljekki iPhone 17 we MacBook Pro modelleri üçin hem standart bolar. 


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...