X emeli aň modelini tälim etmek üçin ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny birugsat ulanmakda aýyplanýar

  • 10.08.2024 12:17
  • 4.7k+

Irlandiýanyň maglumatlary goramak boýunça komissiýasy (DPC) Ilon Maskyň X kompaniýasyny Grok emeli aň modeline tälim bermek üçin ulanyjylaryň şahsy maglumatlaryny birugsat ulanmakda aýyplap, kompaniýa garşy kazyýet işini açdy. Bu barada Indian Express habar berýär.

DPC-niň aýtmagyna görä, kompaniýa platformanyň ulanyjylaryny SMS-leriniň we beýleki maglumatlarynyň ulanylmagy barda habardar etmezden, olary awtomatiki usulda hasaba alýar.
Ýewropa Bileleşiginiň maglumatlary goramak boýunça umumy düzgünnamasyna (GDPR) laýyklykda, kompaniýalar maglumatlary gaýtadan işlemezden ozal ulanyjylardan rugsat almalydyrlar. Ýöne DPC-niň berýän habaryna görä, X ulanyjylaryny maglumatlaryň AI-y tälim etmek üçin ulanyljakdygy barada habardar etmeýär.
Şeýle hem DPC X kompaniýasynyň hereketleriniň GDPR talaplaryna laýyklygyny gözden geçirmegi üçin Ýewropanyň maglumatlary goramak boýunça geňeşine (EDPB) ýüz tutdy.


16.06.2026 23:19
2.1k+

Beýik Britaniýa 16 ýaşdan kiçi çagalara sosial torlary ulanmagy gadagan eder

Beýik Britaniýanyň hökümeti 16 ýaşyna ýetmedik çagalaryň sosial torlardan peýdalanmagyny gadagan etmäge taýýarlyk görýär. Täze düzgünleriň 2027-nji ýylyň başynda güýje girmegine garaşylýar diýip, «BBC» habar......

26.05.2026 15:58
2.1k+

Ýewropada TikTok we X bilen bäsleşjek botsuz we galp hasapsyz täze sosial ulgamlar işe girizilýär

Ýewropada täze sosial ulgamlar peýda bolup, özlerini TikTok-a, X-e we Instagram-a alternatiwa hökmünde görkezýärler. Taslamalary işläp düzüjiler maglumatlary goramaga, botlara garşy göreşmäge hem-de amerikan......

01.04.2026 15:29
913

Iňlisçe «Wikipedia» emeli aň arkaly makala ýazmagy gadagan etdi

Iňlis dilli «Wikipedia» neýroulgamlaryň kömegi bilen makala ýazmagy doly gadagan etdi. The Verge neşiriniň ýazmagyna görä, mundan beýläk redaktorlar emeli aňy diňe öň bar tekstleriň grammatikasyny düzetmek......

11.03.2026 20:11
10k+

Forbes dünýäniň iň baý adamlarynyň sanawyny täzeledi: baýlar baýamagyny dowam etdirýär

«Forbes» neşiri dünýäniň iň baý adamlarynyň ýyllyk sanawyny hödürledi. Täzelenen reýtingde birinji orny yzygider ikinji ýyl telekeçi Ilon Mask eýeledi. «Tesla» we «SpaceX» kompaniýalarynyň esaslandyryjysy hem-de «X» sosial ulgamynyň eýesi bolan Maskyň kapitaly 839 milliard dollara ýetdi...