HBS: Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyşynda Billi Aýliş, Snup Dogg we Teýlor Swift çykyş eder

  • 10.08.2024 11:29
  • 4.1k+

Parižde geçirilýän Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy dünýä ýyldyzlarynyň gatnaşmagyndaky ajaýyp waka öwrüler. Köpsanly çeşmelere salgylanýan Variety-niň habar bermegine görä, bu çärede Billi Aýliş, Snup Dogg we Red Hot Chili Peppers dagylar çykyş eder.

Şeýle artistleriň saýlanmagynyň özi 2028-nji ýylda geçiriljek indiki tomusky Oýunlaryň ABŞ-da boljakdygy bilen baglanyşyklydyr. Ýapylyş dabarasynyň çäginde baýdak Los-Anželesiň häkimine gowşurylar.
Le Parisien neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, şüweleňde iki fransuz toparynyň – Phoenix-iň we AIR-niň çykyş etmegine garaşylýar. Mundan başga-da, bu çärä Teýlor Swiftiň we Golliwudyň Raýan Gosling, Leonardo Di Kaprio ýaly birnäçe ýyldyzlarynyň gatnaşjakdygy onuň gyzygyny hasam artdyrýar.
Aýdymçylaryň öňünden ýazylan we janly torlary Los-Anželesden göni ýaýlyma  berler. Konsertiň prodýuseri “Gremmi” baýragynyň we 2021-nji ýylda “Adel bilen geçiriljek agşam” CBS taslamasynyň üstünde işlän Ben Uinston bolar.
Artistleriň çykyşy Tom Kruzyň dabara üçin ýörite taýýarlan, “Mümkin däl tabşyryk” franşizasynyň soňky bölümindäki ýaly, motosiklde görkezjek birnäçe howply, ýeser oýunlarynyň  yzysüre başlanar.
2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy 11-nji awgustda, ýekşenbe güni, Parižiň “Stad de frans” stadionynda bolar. Arena konsert zalyna öwrüler. Ýapylyş dabarasyny Olimpiýa oýunlarynyň resmi web sahypasynda görüp bilersiňiz. Çäre aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da başlar.


düýn 14:28
919

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......

19.06.2026 20:02
1.5k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

18.06.2026 22:30
4k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

17.06.2026 17:35
3.9k+

Mariýa-Antuanettä henizem hat ýazýarlar: Fontenblo köşgüne 4 müň hat geldi

Fransiýadaky Fontenblo köşgi «Galamyňyzy alyň-da, Mariýa-Antuanettä hat ýazyň!» diýen uly göwrümli çäräniň çäginde takmynan 4 müň hat aldy. Bu başlangyç Lýudowik XVI we Fransiýanyň soňky höküm süren şazenany......