Alymlar Marsyň atmosferasyny ýaşamaga ýaramly etmek üçin oňa nanobölejikleri goýbermek isleýärler

  • 09.08.2024 23:12
  • 7.5k+

Ewanstondaky Demirgazyk-Günbatar uniwersitetiniň professory Homan Mohseniniň ýolbaşçylygyndaky amerikaly we ýewropaly planetolog alymlar Marsy ýaşamaga ýaramly etmegiň täze usulyny teklip etdiler. Alymlar güýçli parnik täsirini döretmek üçin planetanyň atmosferasyna demriň ýa-da alýumininiň nanobölejiklerini  goýbermegi teklip etdiler.

Bu amal Marsyň temperaturasyny 30 dereje ýokarlandyryp, polýar buz telpekleriniň  eremegine we mümkin boljak kolonizasiýa üçin has amatly şertleriň döremegine sebäp bolup biler.
Munda atmosferanyň ýokarky gatlaklaryna galjak nanobölejikler ýagtylygy we ýylylygy yzyna serpikdirip, uzak wagtlap howada galar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, hatda az mukdardaky nanobölejikler hem Marsyň  temperaturasyny ep-esli ýokarlandyryp biler. Mundan başga-da, nanobölejikler ýerli çeşmelerden göni planetanyň üstünde öndürilip bilner.
Alymlaryň pikirine görä, bu tehnologiýany ulanmak Marsyň kolonizasiýa taýynlanmagy üçin zerur wagty we serişdeleri azaldyp biler. Barlagyň netijeleri Science Advances žurnalynda çap edildi.


düýn 17:37
2k+

Fizikler ýadro sagadynyň ilkinji prototipini işe girizdi: olar wagt baradaky düşünjeleri üýtgeder

Halkara fizikler topary taryhda ilkinji gezek ýadro sagadynyň işini görkezdi. Häzirki wagtda bar bolan atom standartlaryndan tapawutlylykda, täze enjam wagty elektronlaryň yrgyldysy boýunça däl-de, atom......

düýn 08:02
2k+

Litiý-keramiki batareýalaryň täze nesli 1000 km uçuşlary amala aşyrmaga mümkinçilik berer

Taýwanyň batareýa öndüriji ProLogium kompaniýasy we Niderlandlaryň Elysian Aircraft aerokosmos kompaniýasy hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekdiler. Hyzmatdaşlar uly ýolagçy elektrik uçarlarynda ulanmak üçin......

düýn 07:48
1.4k+

Ýewropada gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglary togtadyldy

Ýewropanyň Kosmos agentligi geljegi uly bolan gaýtadan ulanylýan «Space Rider» kosmos gämisiniň synaglaryny taýýarlyk döwründe ýüze çykan garaşylmadyk ýagdaý sebäpli yza süýşürdi....

23.06.2026 22:30
2k+

Ultrasesli espresso: Sidneýli alymlar kofe gaýnatmagyň täze usulyny oýlap tapdylar

Awstraliýanyň Sidneý şäherindäki Täze Günorta Uels uniwersitetiniň hünärmenleri espresso taýýarlaýan täze enjam döretdiler. Bu gurluş gyzgyn suw ulanman, ýörite ultrases gurnamasy tarapyndan döredilýän ýokary......