Boeing Starliner-däki näsazlyk zerarly iki kosmonawt kosmosda 2025-nji ýyla çenli eglenip biler

  • 09.08.2024 16:15
  • 9.5k+

2024-nji ýylyň iýun aýynda Boeing Starliner kosmos gämisinde Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) uçan iki amerikan astronawty 2025-nji ýyla çenli orbitada galmaly bolmagy mümkin. Munuň sebäbi, kosmos gämisi HKS bilen birleşenden soň, kän wagt geçmänkä reaktiw hereketlendirijilerde ýüze çykarylan näsazlyk bilen baglydyr.

NASA-nyň berýän maglumatlaryna görä, hereketlendirijiler bilen bagly mesele ekipažyň Starliner-de Ýere gaýdyp gelmegini töwekgelçilik döredýär. Şunuň bilen baglylykda, astronawtlaryň yzyna howpsuz ýagdaýda gaýdyp gelmegi üçin SpaceX-iň Crew Dragon kosmiki gämisini ulanmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar, ýöne munuň üçin 2025-nji ýylyň fewral aýyna çenli garaşmaly bolar.
Bu missiýa ilkibaşda 8 günden köp dowam etmez diýip garaşylýardy. Emma  Starliner gämisiniň hereketlendiriş ulgamynda näsazlyk ýüze çykdy, bu bolsa mundan beýläk ony işledip boljakdygyna şübhe döredýär. Inženerler näsazlygyň  ýylylyk izolýasiýa gatlagynyň zaýalanmagyna we hereketlendirijiniň gurluşynyň üýtgemegine getirýän gorag gaplarynyň aşa gyzmagy bilen baglanyşyklydygyny öňe sürýärler. Boeing-iň wekili kompaniýanyň Starliner-i ekipažsyz yzyna gaýtarmak üçin zerur çäreleri görmäge taýýardygyny aýtdy.
NASA hereketlendiriji bilen bagly näsazlyk çözülmese, ekipažyň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin, alternatiw çözgütleri gözlemegini dowam etdirýär.
Starliner-iň ekipažynyň başga bir gämide yzyna gaýdyp gelmegi Boeing-iň kosmos bölüminiň abraýyna diýseň ýaramaz täsir eder we SpaceX -iň bu pudakdaky ornuny hasam güýçlendirer.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 10:31
2.4k+

Özbegistan 2028-nji ýyla çenli älem giňişligine ilkinji kosmonawtyny ibermegi meýilleşdirýär

Özbegistan 2028-nji ýylyň oktýabr aýyna çenli ilkinji özbek kosmonawtyny älem giňişligine ibermegi maksat edinýär. Bu barada Özbekkosmos agentliginiň direktorynyň orunbasary Muhiddin Ibragimow habar berdi.......

10.05.2026 13:00
12k+

2022-nji ýylda Hytaýda Boeing 737 uçarynyň heläkçilige uçramagynyň sebäbi belli boldy

ABŞ-nyň Ulag howpsuzlygy boýunça milli geňeşi (NTSB) 2022-nji ýylyň 21-nji martynda heläkçilige uçran China Eastern Airlines awiakompaniýasynyň Boeing 737-800 uçarynyň bort ýazgy ediji enjamynyň (gara......

30.04.2026 12:08
1.8k+

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin dört sany MoonFall dronyny uçurmagy meýilleşdirýär

NASA Aýyň günorta polýusyny öwrenmek üçin MoonFall taslamasynyň çäginde dronlary ulanmagy göz öňünde tutýar. Bu başlangyç täzelenen Artemis maksatnamasynyň bir bölegi bolup, ony razwedka etmek, ylmy barlaglar......