UFC-niň öňki çempiony Ngannu oktýabrda PFL-de ilkinji gezek çykyş eder

  • 08.08.2024 20:16
  • 8.9k+

Absolýut söweş çempionatynyň (UFC) agyr agramda öňki çempiony, kamerunly Frensis Ngannu Professional söweş ligasynda (PFL) braziliýaly Renan Ferreýra bilen söweşer. Bu barada guramanyň saýtynda habar berilýär.

Ferreýra agyr agramda promouşeniň häzirki çempionydyr. Titul söweşi 19-njy oktýabrda geçiriler we Ngannu üçin PFL-de ilkinji çykyş bolar.
Bu söweşiň ýeňijisi soňra agyr agramda Gran-priniň çempiony bilen duşuşar.
Ngannu 37 ýaşynda, ol professional MMA-da 17 ýeňiş gazandy we üç ýeňlişe sezewar boldy. 2023-nji ýylyň oktýabrynda britaniýaly Taýson Fýuriden emin agzalarynyň tapawutly karary bilen ýeňildi. 2024-nji ýylyň mart aýynda boks düzgünleri boýunça ikinji söweşini geçirdi we britaniýaly Entoni Joşuadan ikinji raundda nokaut arkaly ýeňildi.
34 ýaşly Ferreýranyň hasabynda 13 ýeňiş, üç ýeňliş bar, ýene üç söweş geçirilmedik diýlip hasaplandy.


şu gün 08:32
5.6k+

Arman Sarukýan amerikaly Jastin Getjiniň ýeňşine $1 mln goýup, $5,7 mln utdy

UFC-niň söweşijisi Arman Sarukýan UFC Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygynda Jastin Getjiniň Iliýa Topuriýadan üstün çykmagyna pul goýup, 5,7 million dollar utuş gazandy....

düýn 15:55
8.5k+

Ak tamyň çäginde geçen UFC Freedom 250-niň netijeleri we pul baýraklary belli boldy

Waşingtonda, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC Freedom 250 ýaryşy ýeňil agramda çempionyň üýtgemegi we agyr agram derejesinde wagtlaýyn titulyň eýesiniň kesgitlenmegi bilen tamamlandy. Ýaryşlar tamamlanandan soň,......

düýn 15:42
8.5k+

Getji Ak tamda Topuriýanyň ýüzüni «döwüp», ýeňil agramda täze çempion boldy

ABŞ-nyň Waşington şäherinde, Ak tamyň çäginde geçirilen UFC White House: Freedom 250 ýaryşynyň esasy duşuşygy ýeňil agram derejesinde (70,3 kg çenli) UFC-niň çempiony, asly gruziýaly bolan ispan söweşijisi......

düýn 14:57
4.5k+

Pereýra üçünji guşagyny alyp bilmedi: Siril Gan söweşi nokaut bilen jemledi

Aşgabat wagty bilen 15-nji iýunda irden Waşingtonda, Ak tamyň çäginde taryhy UFC Freedom 250 ýaryşy geçirildi....