Sagatda 1000 km. Hytaýda ýokary tizlikli otly wakuum tunnelinde ilkinji gezek synagdan geçirildi

  • 08.08.2024 19:59
  • 10k+

Hytaýda giperlupyň prototipi wakuum tunnelinde ilkinji gezek synagdan geçirildi. Sinhua-nyň habar bermegine görä, otly howpsuz we durnukly hereketi görkezip, ýokary tizlikli ulag üçin täze mümkinçilikleri açdy.

Ozal giperlup taslamasy Ilon Mask tarapyndan hödürlenipdi.
Ýokary geçirijili magnitler bilen işleýän magnitoplan Şansi welaýatynda gurlan 2 km-lik synag ýolunda üstünlikli synagdan geçirildi. Hytaý Aerokosmiki Ylym we Senagat Korporasiýasy (CASIC) tarapyndan geçirilen synaglar otlynyň pes wakuum şertlerinde hereket etmek, tizlenmek we durmak ukyplaryny görkezdi.
Geljekde bu ulagyň tizligini sagatda 1000 km-e ýetirmek meýilleşdirilýär, bu bolsa Pekin bilen Şanhaýyň arasyndaky ýol wagtyny häzirki 3 sagat 58 minutdan 1 sagat 30 minuta çenli azaldar.
Maglew tehnologiýalarynyň diňe bir ýolagçy gatnawynda däl, eýsem, kosmos we harby maksatlar üçin ýük daşamakda hem ulanylyp bilinjekdigi bellenip geçilýär.


11.06.2026 14:01
7.8k+

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölüne ekspedisiýa gurady

Türkmenistanyň we Hytaýyň alymlary Garagum çölünde bilelikdäki ylmy-gözleg ekspedisiýasyny geçirdi....

10.06.2026 08:04
9.7k+

Hytaýly raýat 32 gaty bolan binanyň 34-nji gatyndan öý satyn aldy

Hytaýyň Şensi welaýatynyň ýaşaýjysy ahyrynda binada bary-ýogy 32 gatyň bardygy belli bolandan soň, gurulýan binanyň 34-nji gatyndan satyn alan öýi üçin tölän serişdelerini kazyýet arkaly yzyna almaly boldy....

04.06.2026 18:42
5.6k+

Haýnan şäherinde äpet tüweleý şekilindäki Ylym muzeýi açyldy

Hytaýyň Haýnan adasyndaky Haýkou şäherinde 46 528 inedördül metrlik medeni we bilim merkezi bolan Haýnan Ylym muzeýiniň gurluşygy tamamlandy. Ol Uýuan derýasynyň Milli suwluk-batgalyk seýilgähiniň gyrasynda......

28.05.2026 21:19
4.2k+

ÝB howply oýunjaklary sebäpli Temu internet dükanyna 200 million ýewro jerime saldy

Ýewropa Komissiýasy Hytaýyň meşhur Temu internet dükanyna 200 million ýewro uly jerime saldy. Muňa marketpleýs üsti bilen bäbekler üçin howply oýunjaklaryň we döwük-ýenjik zarýad berijileriň satylmagy sebäp......