Türkiýäniň Göbekli-Tepe toplumynda ýaşy 12 müň ýyllyk iň gadymy Gün senenamasy tapyldy

  • 08.08.2024 19:51
  • 5.7k+

Alymlar Türkiýäniň günortasyndaky Göbekli Tepe gadymy toplumynda ýaşy 12 müň ýyl töweregi diýlip çak edilýän daş sütünlerde syrly nyşanlary tapdylar. Alymlar munuň astronomiki hadysalary bellik etmek üçin döredilen dünýäniň iň gadymy Gün senenamasy bolmagynyň mümkindigini çaklaýarlar.

Phys.org neşirinde çap edilen makalada daşa oýulyp çekilen nyşanlaryň gadymy adamlaryň Güne, Aýa we ýyldyzlara eden gözegçilikleri baradaky ýazgylary görkezýän bolmagynyň mümkindigi barada aýdylýar. Jikme-jik barlaglar daş sütünlerdäki her bir V şekilli nyşanyň bir güni aňladandygyny görkezdi. Manysy aýdyňlaşdyrylan senenamada 12 aýa we  goşmaça 11 güne deň gelýän 365 gün bar. Guşa meňzeş jandaryň boýnuna oýulyp çekilen üýtgeşik nyşan tomus günüň gysgalyp başlan wagtyny alamatlandyryp biler.
Gadymy adamlar bu çyzgylarda tebigy heläkçiligiň senesini - takmynan 13 000 ýyl ozal (miladydan öňki 10 850-nji ýylda) “kiçi buz eýýamyna” sebäp bolan kometanyň bölekleriniň gaçan senesini bellik eden bolmagy mümkin. Bu waka durmuşyň we oba hojalygynyň düýpli üýtgemegine sebäp bolupdyr, netijede, siwilizasiýalaryň döremegine täsirini ýetiripdir.
Barlaglar beýleki sütüniň Taurid meteor ýagmasyny şekillendirýändigini görkezýär. Ol 27 gün dowam edip, Wodoleý we Balyk ýyldyzlaryndan gelipdir.
Bu tapyndylar gadymy adamlaryň, grek astronomy Gipparh beýan etmezden müňlerçe ýyl ozal hem, Ýeriň okunyň aýlanýandygyny bilendigini görkezýär.
Bu oýma nyşanlar Göbekli-Tepäniň ilaty üçin müňlerçe ýyllaryň dowamynda  möhüm ähmiýete eýe bolup, kosmiki betbagtçylykdan soň täze diniň ýa-da medeniýetiň dörän bolmagynyň mümkindigini görkezýär.


düýn 12:00
3.4k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......