Mask X sosial ulgamynyň çetleşdirilmegi sebäpli mahabat berijilere garşy kazyýet işini gozgady

  • 08.08.2024 14:37
  • 3.1k+

X kompaniýasy Habar beriş serişdelerine jogapkär global bileleşige (GARM, brendleriň we mahabat agentlikleriniň birleşmesi) we Bütindünýä mahabat berijiler federasiýasyna garşy kazyýete arza berdi. Arzada bu guramalaryň X sosial ulgamyna "yzygiderli bikanun boýkot (çetleşdirme)" gurandygy tassyklanýar diýip, Financial Times habar berýär.

Sosial ulgamyň eýesi Ilon Mask: "Iki ýyllap parahatçylygy saklamaga synanyşdyk, ýöne indi söweş yglan edýäs" -diýdi.
Ol boýkot edilýän her bir kompaniýa özünden görelde almagy maslahat berdi. Mundan başga-da, kazyýet işi GARM-yň Unilever, Mars we CVS Health ýaly ägirtleri öz içine alýan aýratyn agzalaryna garşy gönükdirildi.
X-iň baş direktory Linda Ýakkarino mahabat berijileriň hereketleriniň diňe bir sosial tora däl, eýsem ulanyjylaryna-da zyýan ýetirendigini aýtdy.
FT neşiriniň belleýşi ýaly, kazyýet işi Mask X sosial ulgamy satyn alandan soň, GARM-yň we onuň agzalarynyň ony boýkot etmek barada dil düwşendigi baradaky hasabatyň palatanyň kazyýet komiteti tarapyndan çap edilenden bir aý soň gozgaldy. GARM-yň şärikdeş esaslandyryjysy Rob Rakowis brendleriň “mahabatdan gelen  dollarlaryny” nirä sarp etmelidigini özleriniň çözmäge hukugynyň bardygyny öňe sürüp, şikaýaty ret etdi.
Sosial ulgamyň mahabat berijiler bilen baglanyşykly meseleleri Mask 2022-nji ýylda sosial ulgamy satyn alandan soň başlandy. Täze moderasiýa syýasaty we işgärleriň azaldylmagy, Apple ýaly birnäçe kompaniýalaryň mahabatynyň togtadylmagyna sebäp boldy. Geçen tomus Twitter adyny üýtgedip, guş nyşanyndan ýüz öwürdi. Şol bir wagtyň özünde, Mask mahabat gelýän girdejisiniň takmynan 50% azalandygyny habar berdi. Geçen güýzde Disneý, Warner Bros., Apple we IBM ýaly kompaniýalar hem sosial ulgamlarda mahabat boýkotyny yglan edenlerinde, ýagdaý hasam ýitileşdi.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......