Türkmenistanyň "Deňiz söwda floty" ýük daşalyşy görkezijileri barada maglumat berdi

  • 08.08.2024 12:30
  • 4k+

2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynyň dowamynda Türkmenistanyň “Deňiz söwda floty” ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti öz gämilerinde 1 400 000 tonna ýüküň, 3 345 konteýnerleriň, 10 546 awtoulaglaryň daşalyşyny amala aşyryp, görkezijilerini geçen ýylkydan ýokarlandyrdy. Bu barada Orient paýdarlar jemgyýetiniň web sahypasyna salgylanyp habar berýär. Diagrammanyň görkezijilerine laýyklykda, 100 müň tonna artyk ýük daşaldy.

Şeýle-de bu paýdarlar jemgyýeti şu hepde Türkmenbaşy-Aktau-Türkmenbaşy ugry boýunça “Balkan” gury ýük daşaýan gämi arkaly ýük daşalyşynyň amala aşyrylmagynyň meýilleşdirilýändigini müşderilerine habar berdi. Gatnawyň takmynan senesi: 7-8-nji awgust bolar. Gäminiň ýük göterijilik ukyby 2000 tonna (ýa-da 40-futlyk konteýnerler (FEU) – 76 sany, 20-futlyk konteýnerler (TEU) -176 sany) barabardygy bellenilýär.
Mundan başga-da “Balkan” gury ýük daşaýan gämi arkaly Türkmenbaşy-Baku-Türkmenbaşy ugry boýunça yzygiderli halkara ýük daşalyşy hem amala aşyrylýar.
“Deňiz söwda floty” paýdarlar jemgyýetiň öz içine 3000 tonna/44 konteýner ýeleşdirýän gury ýük daşaýan gamileri, nebit gämileri – 6000 tonna, awtoulag we ýolagçy paromlary – 54 ýük daşaýan awtoulaglary bolup, Hazar deňzinde dürli ugurlar boýunça daşary ýurt gämileriniň ýangyç bilen doldurmak we ýük daşalyş hyzmatlaryny hödürleýär.


düýn 08:13
1.6k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

düýn 08:05
3.1k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......

18.06.2026 22:09
1.4k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

18.06.2026 18:14
745

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......