Toyota Land Cruiser FJ noýabr aýynda çykar we Suzuki Jimny bilen bäsleşer

  • 07.08.2024 18:36
  • 6k+

“Mini-Land Kruzer” diýlip atlandyrylýan täze Toyota Land Cruiser FJ-iň önümçiligine şu ýylyň noýabr aýynda başlanar diýip, speedme.ru habar berýär.

Täze önüm Hilux Champ-iň platformasynda gurlar. Land Cruiser FJ-iň bäş gapyly Suzuki Jimniden has uly boljakdygyna garamazdan, Toyota ony bu model bilen bäsdeş hökmünde görkezmegi meýilleşdirýär.
Tehniki häsiýetnamasy barada entek maglumat az, ýöne awtoulagyň Hilux we Prado-dan 204 at güýji bolan 2,8 litrlik turbodizeli ýa-da Hilux Champ-da ulanylýan 166 at güýji bolan 2,7 litrlik benzin hereketlendirijini aljakdygy eýýäm mälim.
Awtoulag awtomatiki geçiriş we tigirleri doly herekete getirýän birnäçe režim bilen üpjün ediler, bu bolsa wnedorožnikleri halaýanlary özüne çeker.


şu gün 14:05
2.4k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

şu gün 08:16
2.1k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
4.8k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......