Pariždäki Olimpiada-2024: 6-njy awgustyň täze rekordlary we medallary

  • 07.08.2024 13:09
  • 3.7k+

6-njy awgustda Parižde 2024-nji ýylyň tomusky Olimpiýa oýunlarynyň nobatdaky ýaryşlary geçirildi. Sportuň at sporty, ýelkenli sport, suwa bökmek, skeýtbording, göreş, ýeňil atletika, welosport we boks ýaly sekiz görnüşinde 19 medal toplumy ugrunda bäsleşildi.

Medal sanawy
ABŞ-nyň milli ýygyndysy umumy sanawda 86 medal bilen (24 altyn, 31 kümüş we 31 bürünç) öňdeligini dowam etdirýär. Hytaý 58 medal bilen (22 altyn, 20 kümüş we 16 bürünç) ikinji orny eýeleýär, üçünji orunda bolsa 35 medal bilen (14 altyn, 12 kümüş we 9 bürünç) Awstraliýa ýerleşýär.

Günüň esasy wakalary:
Futbol
Zenanlaryň arasynda futbol ýaryşynyň finalyna Braziliýanyň we ABŞ-nyň toparlary çykdy. Braziliýa Ispaniýany 4:2 hasabynda utdy, ABŞ bolsa Germaniýadan goşmaça wagtda 1:0 hasabynda üstün çykdy.

 

Ýeňil atletika

  • Amerikaly Gabriel Tomas 200 metre ylgamakda 21,83 sekunt netije bilen altyn medal gazandy.
  • Päsgelçilikli 3000 metre ylgamakda (stipl-çeze) Bahreýniň wekili Uinfred Ýawi pellehana 8 minut 52,76 sekuntda gelip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy. Ol 16 ýyl saklanan rekordy 6 sekunt tapawut bilen täzeledi.

  • 1500 metre ahyrky ylgaw ýaryşy amerikaly Koul Hokeriň Olimpiýa rekordy bilen (3.27,65) altyn medal gazanmagy netijesinde tamamlandy.

Welosport
Niderlandlaryň milli ýygyndysy welotrekde toparlaýyn sprintde altyn medal aldy we dünýä rekordyny goýdy – 40,949 sekunt.

Göreş
Kubaly Mihain Lopes Nunýes taryhda göreş boýunça ilkinji bäş gezek Olimpiýa çempiony boldy.

Gaýa çykmak
Amerikaly Sem Uotson gaýa çykmakda tizlik boýunça dünýä rekordyny täzeledi, ol 4,75 sekunt netijäni görkezdi.

Belläp geçsek, Olimpiadada 40-dan gowrak türgen koronawirus bilen keselledi. BSGG köp ýurtlarda COVID-19 keseliniň güýçlenendigini we munuň hem Olimpiada täsir edendigini belledi.


14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....