Neuralink ikinji hassanyň beýnisine implanty üstünlikli oturtdy: muny Ilon Mask tassyklady

  • 07.08.2024 12:01
  • 4.3k+

Neuralink kompaniýasy ikinji hassanyň hem beýnisine implanty üstünlikli oturtdy, diýip kompaniýanyň esaslandyryjysy Ilon Mask Leks Fridmanyň podkastynda habar berdi.

“Göz degirmek islämok, ýöne ikinji implant babatda hemme zat gowy geçen ýaly. <…> Signallar köp, elektrodlar köp. Hemme zat gaty gowy işleýär” – diýip, Reuters-da Maskyň sözleri getirilýär.   

Mask ikinji hassanyň hem birinjiňki ýaly oňurga ýiliginiň şikesi bardygyny we onuň beýnisinde 400 implant elektrodynyň işleýändigini aýtdy. Kompaniýanyň web sahypasynda aýdylmagyna görä, implantada 1024 elektrod bar.
Neuralink-iň esaslandyryjysy, ýylyň ahyryna çenli kompaniýanyň ýene sekiz hassada kliniki synaglary geçirmegi meýilleşdirýändigini aýtdy.
Ilkinji implant ýanwar aýynda Noland Arbonyň beýnisine oturdyldy. Operasiýadan soň, Arbo kem-kemden kompýuterde dürli işleri ýerine ýetirmegi we hatda wideo oýunlaryny oýnamagy öwrendi. Arbonyň aýtmagyna görä, implantyň oturdylmagy oňa dostlary, maşgalasy we dünýä bilen “täzeden birikmäge”, durmuş derejesini ýokarlandyrmaga we has garaşsyz bolmaga mümkinçilik berdi.
Mask ikinji hassanyň operasiýasynyň geçirilen senesini mälim etmedi, ýöne kliniki synaglaryň ýylyň ahyryna çenli üstünlikli tamamlanmagyna umyt bildirdi.


22.05.2026 14:44
2k+

Ilon Maskyň X sosial ulgamynyň programmasynyň ýüklenmesi 1 milliarddan geçdi

Milliarder Ilon Maska degişli bolan X sosial ulgamynyň ykjam programmasynyň smartfonlara ýüklenen sany 1 milliarddan geçdi. Bu uly üstünlik barada Maskyň özi habar berdi....

19.05.2026 15:04
7.4k+

Ilon Mask OpenAI kompaniýasyna garşy kazyýet dawasynda ýeňildi

Demirgazyk Kaliforniýanyň Federal okrug kazyýeti milliarder Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasynyň ýolbaşçylygyna, şol sanda baş direktor Sem Altmana we kompaniýanyň prezidenti Greg Brokmana garşy beren şikaýat......

17.05.2026 20:40
5.7k+

Gatnaşyjy zenan Neuralink-iň kömegi bilen 20 ýyllyk ysmazdan soň ýene surat çekip başlady

Neuralink kompaniýasy Odri atly kliniki synaglara gatnaşyjy zenan barada gürrüň berdi. Onuň «mee-kompýuter» interfeýsiniň kömegi bilen 20 ýyldan gowrak wagtlap dowam eden ysmazlykdan soň, ýene-de surat çekmek......

14.05.2026 00:17
5.1k+

Voyager Technologies: adamlar eýýäm 2030-njy ýyllardan başlap Aýda ýaşap we işläp bilerler

Voyager Technologies aerokosmos startapynyň baş direktory Dilan Teýlor adamlaryň şu onýyllygyň ahyryna çenli Aýy işjeň öwrenmäge başlajakdygyny, indiki onýyllygyň başynda bolsa ol ýerde hemişelik ýaşap we......