Ginnesiň rekordlar kitaby Lamin Ýamala şahadatnamalary gowşurdy

  • 07.08.2024 12:03
  • 8.5k+

Futbolçy Lamin Ýamal Ginnesiň rekordlar kitabyndan şahadatnama aldy.

“Barselona” futbol klubunyň we Ispaniýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Lamin Ýamal Ýewropa çempionatynyň final tapgyryna gatnaşan, şeýle hem Ýewroda gol geçiren iň ýaş oýunçy boldy. Ýamal 2:1 hasabynda tamamlanan Fransiýanyň milli ýygyndysy bilen ýarym final oýnunda gol geçirdi.
Geçen möwsümde 17 ýaşly Ýamal ähli ýaryşlarda 50 oýna gatnaşyp, ýedi gol geçirdi we dokuz asist etdi. Onuň “Barselona” bilen häzirki şertnamasy 2026-njy ýylyň tomsuna çenli dowam eder. Transfermarkt portalynyň maglumatyna görä, futbolçynyň bazar bahasy 120 million ýewro.


düýn 23:41
2.3k+

Infantino 16 günde 27 gezek uçuş edip, dünýä çempionatynyň 24 oýnuna gatnaşdy

FIFA-nyň prezidenti Janni Infantino dünýä çempionatynyň 16 gününiň dowamynda 27 sapar uçuş etdi we 24 oýna gatnaşdy. «BBC Sport-yň» hasaplamalaryna görä, şol döwürde ol howada 66 sagatdan gowrak wagt geçirdi,......

düýn 13:41
9.3k+

DÇ-2026-da 1/16 tapgyryň ähli jübütleri belli boldy: oýunlaryň tertibi

ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän 2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň jemleýji oýunlary tamamlandy. 28-nji iýunda irden (Aşgabat wagty bilen) pleý-off tapgyrynyň......

düýn 12:43
7.1k+

DÇ-2026: Messiniň nobatdaky goly, DR Kongo pleý-offda, Alžir – Awstriýa oýnundaky triller

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyrynyň 3-nji aýlawynyň duşuşyklary tamamlandy. Bu oýunlaryň netijelerine görä, 1/16 finalda bäsleşjek ähli ýygyndy toparlaryň düzümi doly......

27.06.2026 13:51
10k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......