Nissan awtoulaglary yssydan goramak üçin “sowuk boýag” tehnologiýasyny hödürledi

  • 07.08.2024 10:32
  • 6.8k+

Ýaponiýanyň Nissan awtoulag öndürijisiniň amerikan bölümi güneşli günlerde awtoulagyň içindäki temperaturany peseldip biljek innowasion “sowuk boýag” tehnologiýasyny görkezdi. Tehnologiýa synagdan üstünlikli geçdi we kompaniýa ony mundan beýläk ulanmagy meýilleşdirýär.

Nissan-yň görkezen suratynda iki sany meňzeş Nissan Leaf görünýär: olaryň birine adaty boýag, beýlekisine “sowuk” boýag çalnan. Öndürijiniň berýän maglumatlaryna görä, birinji awtoulag ikinjisinden 12° C köp gyzdy, salondaky temperaturanyň tapawudy 5° C. Tehnologiýa Hytaýda, uçar öndürýän korporasiýalar hem-de gorag şlýapalaryny we saýawanlaryny öndürijiler bilen hyzmatdaşlyk edýän, Radi-Cool kompaniýasy bilen bilelikde işlenip düzüldi.
Nissan barlag merkeziniň dolandyryjysy Susumu Miura kondisionere düşýän agramyň akkumulýatoryň zarýadyna ep-esli täsir edip biljek elektrikli ulaglar üçin bu işläp taýýarlamanyň möhümdigini aýtdy. Kompaniýa “sowuk boýag” diňe bir syýahatyň rahatlygynyň derejesini ýokarlandyrman, eýsem, energiýany tygşytlamaga we hereketlendirijilere düşýän agramy azaltmaga kömek eder diýip hasaplaýar.
Ýöne munuň birnäçe emmasy hem bar: birinjiden, örtük adatdakysyndan 6 esse galyň bolýar. Ikinjiden, awtoulaglaryň hemmesi ak reňkde bolmaz ýaly, sowadyjy boýag reňksiz, dury bolmaly. Üçünjiden, düzüminiň üýtgeşikdigi sebäpli, boýagy sepmek usuly bilen çalyp bolmaýar. Ony walik bilen çalmaly bolýar, munda material has köp gidýär we örtügi gyradeň galyňlykda edip bolmaýar.
Şeýle-de bolsa, Nissan bu boýagy ulanmagyň, esasanam, günüň köp bölegini Günüň aşagynda geçirýän awtoulaglara, ýük ulaglaryna we tiz kömek ulaglaryna uly haýrynyň degjekdigini görýär. Kompaniýa häzirki wagtda Tokionyň Haneda howa menziliniň üstünden geçýän, kölegesi az bolan ýerlerde boýagy barlap görýär.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....