Jokowiç indiki Olimpiýa oýunlarynda hem çykyş etmegi meýilleşdirýär

  • 06.08.2024 21:37
  • 2.3k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç Los-Anjelesde geçiriljek 2028-nji ýylyň Olimpiýa oýunlaryna hem gatnaşmak isleýändigini aýtdy. Türgen şol wagta çenli 41 ýaşyna ýeter diýip, RIA Nowosti ýazýar.

Ýekşenbe güni Jokowiç Pariždäki Olimpiýa ýaryşynyň finalynda ispaniýaly Karlos Alkarasy 7:6 (7:3), 7:6 (7:2) hasabynda utup, ýeňiji boldy. Ol özüniň ilkinji Olimpiýa altyn medalyny gazandy. Ol 37 ýaşynda 1988-nji ýyldan bäri erkekleriň arasynda ýekelikdäki tennisde Olimpiýa oýunlarynyň iň uly ýaşly ýeňijisi boldy.

“Bu meniň durmuşymdaky iň uly sport üstünligi we iň üýtgeşik duýgy bolsa gerek. Men Los-Anjelesde oýnamak isleýärin, Olimpiýa oýunlarynda, Dewis Kubogynda öz ýurdum üçin çykyş etmegi gowy görýärin. Men munuň altyn medal üçin soňky mümkinçilik bolup biljekdigine düşünýärdim” – diýip, Frans Press Jokowiçiň sözlerini getirýär.

Jokowiç taryhda karýera “Altyn tuwulgasyny” (Awstraliýanyň Açyk çempionatynda, “Rolan Garrsoda”, “Wimbledonda”, “US Open-de” we Olimpiadada titullar) alan üçünji tennisçi boldy. Öň, şeýle üstünlik bilen diňe amerikaly Andre Agassi we ispaniýaly Rafael Nadal öwnüp bilýärdi.


18.06.2026 14:40
4.3k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

18.06.2026 10:24
1.1k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....