Kamala Harris ABŞ-nyň Prezidenti wezipesine resmi taýdan dalaşgär boldy

  • 06.08.2024 21:30
  • 6.3k+

ABŞ-nyň wise-prezidenti Kamala Harris resmi taýdan Demokratik partiýadan prezidentlige dalaşgär hökmünde görkezildi. Bu barada The New York Times habar berýär. Harris 1-nji awgustdan 5-nji awgust aralygynda geçirilen onlaýn ses berişligiň dowamynda 4567 delegat-demokratyň 99%-iniň goldawyny aldy.  

Demokratik partiýa, adatça, dalaşgärleri milli gurultaýda hödürleýär. Ýöne şu ýyl ses berişlik käbir ştatlara býulletenleri tabşyrmaga ýetişmek üçin onlaýn geçirildi. Kamala Harris gatnaşmak üçin kwalifikasiýadan geçen ýeke-täk dalaşgär boldy.

Demokratlaryň milli gurultaýy 19-njy awgustda Çikagoda açylar. Hut şol ýerde Harris öz nominasiýasyny resmi taýdan kabul eder. Şeýle-de, gurultaýda wise-prezident wezipesine dalaşgär görkeziler. Harris eýýäm bu wezipä dalaşgär hökmünde Minnesotanyň gubernatory Tim Uolzy saýlady.  

Harris häzirki Prezident Jo Baýden saýlawdan öňki ýaryşa gatnaşmakdan ýüz öwrenden soň potensial dalaşgär boldy. Baýden Respublikan partiýasyndan dalaşgär we ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp bilen şowsuz çekeleşikden soň şeýle karara geldi.

ABŞ-nyň Prezident saýlawlary 5-nji noýabrda geçiriler.


31.05.2026 13:10
7.1k+

UBS: Dünýäniň iň baý maşgalalary dollar maýa goýumlaryny azaldýar

Dünýäniň iň baý maşgalalary geosyýasy näbellilik we ABŞ-nyň hökümet bergileriniň artmagy sebäpli dollar maýa goýumlaryny azaldýarlar. Bu barada Şweýsariýanyň USB bankynyň barlagynda aýdylýar diýip, Reuters......

30.05.2026 19:37
8.5k+

ABŞ Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmek isleýär

Eger Kongres kanunyň taslamasyny tassyklasa, ABŞ-nyň Maliýe ministrligi prezident Donald Trampyň portreti çekilen 250 dollarlyk banknoty çap etmäge taýýar. Bu barada Pudagyň ýolbaşçysy Skott Bessent Ak Tamda......

25.05.2026 15:17
6.5k+

OECD 2026-njy ýylda iň ýokary zähmet haky tölenýän ýurtlaryň sanawyny çap etdi

Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy (OECD) 2026-njy ýylda ortaça zähmet haky iň ýokary bolan döwletleriň reýtingini çykardy. Sanaw düzülende ýurtlaryň milli walýutalary alyjylaryň ukybynyň deňligine görä......

22.05.2026 15:38
2.8k+

Dünýädäki öý hojalyk karzlarynyň ýarysyndan gowragy ABŞ bilen Hytaýyň paýyna düşýär

Bütin dünýä boýunça öý hojalyklarynyň umumy bergisi 65,3 trillion dollara ýetdi. Iň täsin tarapy bolsa, bu ägirt uly berginiň ýarysyndan gowragy diňe iki döwletiň – ABŞ-nyň we Hytaýyň paýyna düşýär....