Parižde Olimpiýa oýunlarynyň finalynda Ispaniýa bilen Fransiýa duşuşar

  • 06.08.2024 13:21
  • 6k+

Erkekleriň arasynda Olimpiýa futbol ýaryşynyň ýarym final oýunlary tamamlandy. Ispaniýanyň milli ýygyndysy Marokkony 2:1 hasabynda utdy, Fransiýa bolsa goşmaça wagtda Müsürden üstün çykdy (3:1).

Marseldäki “Oranž Welodrom” stadionynda geçirilen Ispaniýa – Marokko oýnunda ilkinji bolup marokkolylar hasaby açdy – “Al-Aýnyň” hüjümçisi Sufian Rahimi 37-nji minutda penaltiden gol girizdi, ispaniýalylar “Barselonanyň” ýarym goragçysy Fermin Lopesiň tagallasy bilen üstünlik gazandylar – ol 65-nji minutda gol geçirdi, 85-nji minutda bolsa “Sewilýanyň” goragçysy Huanlu Sançese kömek etdi.  

Liondaky “Grupama-Stedium” stadionynda Müsür bilen Fransiýanyň arasynda geçirilen oýnuň esasy wagty deňme-deň – 1:1 hasabynda tamamlandy. Müsürliler 62-nji minutda Mahmud Saberiň goly bilen öňe saýlandylar, ýöne 83-nji minutda Týerri Anriniň topary hasaby deňledi. Žan-Filip Mateta tapawutlandy.
Oýnuň soňuny müsürli futbolçylar Omar Faýediň oýnundan çykarylmagy sebäpli azlykda geçirmeli boldular – ol goşmaça wagtyň 2-nji minutynda ikinji sary duýduryşy aldy. Bu hem öz roluny oýnady – ýedi minutdan soň Mateta ikinji goluny geçirdi, eýýäm 108-nji minutda Maýkl Olise gutarnykly hasaby kesgitledi – fransuz toparynyň peýdasyna 3:1.
Fransiýa bilen Ispaniýa anna güni, 9-njy awgustda Pariždäki “Park de Prens” stadionynda Olimpiýa ýaryşynyň final oýnunda duşuşar. Müsür, öz gezeginde, bir gün öň Marokkonyň milli ýygyndysy bilen üçünji ýer ugrundaky oýunda oýnar.


düýn 19:10
5.2k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.1k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.7k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....

08.06.2026 16:49
8.6k+

Messi Asturiýa şa gyzynyň baýragynyň eýesi boldy

Argentinaly futbolçy Lionel Messi sport ulgamynda 2026-njy ýylyň halkara Asturiýa şa gyzy baýragynyň eýesi boldy. Bu barada Asturiýa şa gyzynyň gaznasy habar berdi....