Idris Elba Zanzibarda kinostudiýa döreder. Ol Zolliwud diýlip atlandyrylyp bilner

  • 06.08.2024 12:37
  • 2.8k+

“Diňlemek” (“Прослушка”), “Lýuter” (“Лютер”) we “Tor” (“Тор”) filmlerindäki keşpleri bilen tanalýan aktýor Idris Elba Zanzibarda kinostudiýa açar diýip, BBC habar berýär.

Elba eýýäm Tanzaniýa arhipelagynda bir ýer satyn alyp, Tanzaniýanyň prezidenti Samia Suluhu Hasandan resmi taýdan rugsat aldy. Zanzibaryň Maýa goýumlar ministriniň sözlerine görä, täze studiýa Golliwud, Nolliwud we Bolliwud ýaly bolar.
Şeýle hem ministr studiýanyň näme diýip atlandyryljakdygynyň entek belli däldigini aýtdy.
Ministr Zanzibar halkara film festiwalynda pudak işgärleriniň öňünde eden çykyşynda: "Biziň muny Zanzibarda nähili atlandyrjagymyz – Zolliwud diýmelimi ýa-da Zawud – entek belli däl" diýip degişdi.
Prezident Samia 2023-nji ýylyň ýanwarynda Şweýsariýada geçirilen Bütindünýä ykdysady forumynda Elba bilen bu taslamany ara alyp maslahatlaşypdy. Prezidentiň metbugat sekretarynyň sözlerine görä, bu taslama diňe bir Tanzaniýada däl, eýsem, gündogar we merkezi Afrikada kino pudagynyň ösmegine kömek eder.
Ene-atasy sierra-leonly we ganaly bolan Elba ozal Ganada kinostudiýa döretmek bilen Afrika kinematografiýasyny ösdürmek baradaky meýilnamasyny yglan edipdi. Aktýoryň sözlerine görä, afrikaly kinematografiýaçylarda zehiniň bardygyna garamazdan, olara serişde ýetmezçilik edýär.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......