HBO “Tagtlaryň oýnunyň” ýedi sany täze spin-offyny döredýär

  • 06.08.2024 12:28
  • 3.5k+

HBO “Tagt oýnunyň” älemine esaslanýan ýedi sany täze taslamanyň üstünde işleýär. Bu barada seriýanyň awtory, ýazyjy Jorj Martin janköýerler bilen söhbetdeşlikde yglan etdi diýip, Westeros.org portalyny esaslandyryjylar habar berýär.

Martiniň sözlerine görä, üç film taslamasy we dört animasiýa taslamasy işlenip düzülýär. Bularyň hemmesi işläp taýýarlaýşyň dürli tapgyrlarynda barýar.
Martin bu taslamalaryň iýun aýynda surata düşürilip başlanan “Aždarhanyň öýüni” (“Дом дракона”) we “Ýedi şalygyň rysaryny” (“Рыцарь семи королевств”) öz içine almaýandygyny aýtdy. Ýazyjy täze taslamalar barada başga goşmaça maglumat aýtmady.
Ondan öň, Eýgon Basybalyjy barada taýýarlanylýan serial, roýnarlaryň şa zenany Nemeriýa hakda “On müň gämi” (“Десять тысяч кораблей”) serialy, şeýle hem iki animasiýa taslamasy - Korlis Welarionyň syýahatlary hakynda (9 Voyages) we Ýi Ti-niň Altyn imperiýasy (The Golden Empire of Yi Ti) baradaky seriallar mälimdi.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......