Türkmen tennisçisi Roland Garros ýetginjekleriň arasynda saýlama ýaryşyna gatnaşmak üçin "wild card" aldy

  • 06.08.2024 12:23
  • 5.7k+

Sabrina Rahmanowa Türkmenistanyň tennis taryhynda ilkinji gezek Roland Garros ýetginjekleriň arasynda saýlama ýaryşyna gatnaşar. Ýurdumyzyň wekili 5–9-njy awgust aralygynda Almaty şäherindäki «Gorky Tennis Park» tennis meýdançalarynda geçiriljek ýaryşyň guramaçylaryndan bu bäsleşige gatnaşmak üçin adaty talaplardan boşadylyp, «wild card» alyp, şeýle abraýly ýaryşda ýurdumyza wekilçilik etmek hukugyny aldy diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

«Bu waka diňe bir türgeniň özi üçin däl, eýsem, tutuş tennis jemgyýeti üçinem möhüm ähmiýetli wakadyr, ol Türkmenistanda tennisi ösdürmek üçin täze mümkinçilikdir şertleri açýar» diýip, Türkmenistanyň Tennis Federasiýasynda bellediler.

Sabrina Rahmanowa Türkmenabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň okuwçysy. Ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi, şeýle hem «Aşgabat» tennis akademiýasynyň tälimçisi Mirali Gasanowdan tälim alýar.
2025-nji ýylda geçiriljek Fransiýanyň açyk ýetginjekler çempionatynyň esasy bäsleşigine gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin Sabrina Rahmanowa Merkezi we Günbatar Aziýada 17 ýaşa çenli güýçli tennisçileriň 16-sy bilen bäsleşer. Ol şu ýylyň iýul aýynda Özbegistanda geçirilen üç hepdelik okuw-türgenleşiginde geljekki saýlama ýaryşa güýçli taýýarlandy.
Aziýanyň Tennis Federasiýasy we Fransiýanyň Tennis Federasiýasy Aziýada tebigy meýdançada tennisi ösdürmek, şeýle hem 17 ýaşa çenli bir oglana we bir gyza, 2025-nji ýylda ýetginjekleriň arasynda Roland Garros ýaryşynyň esasy bäsleşigine gatnaşmaga «wild card» berýän iň güýçli türgenleri kesgitlemek üçin ýaryşlar tapgyryny geçirmek barada Ähtnama gol çekdiler.
Tennis boýunça Fransiýanyň açyk çempionaty diýilýän Roland Garros ýaryşy ussatlar tennisde Uly tuwulga dört ýaryşynyň biridir. Ol her ýyl Parižiň Roland Garros meýdançalarynda geçirilýär. 1891-nji ýyldan bäri geçirilýän bu ýaryş 1968-nji ýyldan ussat türgenler üçin açyk ýaryşa öwrüldi.


04.05.2026 14:06
1.6k+

Sinner yzygiderli bäş «Masters» ýaryşynda utmagy başaran ilkinji tennisçi boldy

Italýan tennisçisi, dünýäniň birinji raketkasy Ýannik Sinner Madridde geçirilen «Masters» seriýasynyň ýaryşynda ýeňiji boldy we taryhy üstünlige ýetdi....

03.05.2026 11:45
1.1k+

Sinner «Masters» ýaryşlarynyň rekordyny goýup, Federerden we Jokowiçden öňe geçdi

Italýan tennisçisi Ýannik Sinner Madridde geçirilýän ATP «Masters» ýaryşynyň finalyna çykdy we bu kategoriýadaky ähli ýaryşlaryň finalyna ýetmegiň tizligi boýunça rekord goýdy....

21.04.2026 20:58
5.7k+

Türkmen ýaşlary Rumyniýadaky erkin we grek-rim göreşi boýunça ýaryşda uly üstünlik gazandy

2026-njy ýylyň 16–19-njy apreli aralygynda Rumyniýanyň Buharest şäherinde 17 ýaşa çenli türgenleriň arasynda geçirilen «Konstantin Aleksandru we Ioan Popowiç» adyndaky halkara ýaryşynda türkmen türgenleri uly......

21.04.2026 14:50
4.8k+

Sobolenko, Alkaras we Ýamal ýylyň iň gowy türgenleri hökmünde Laureus baýragyny aldy

Madridde dünýäde sport «Oskary» diýlip atlandyrylýan Laureus baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. 2025-nji ýylyň netijeleri boýunça iň gowy türgenler diýlip tennisçiler — Belarusyň wekili Arina Sobolenko......