Amerikaly ýyldyz aýdymçysy Britni Spirsiň ýatlamalary esasynda film surata düşüriler

  • 04.08.2024 12:50
  • 4.1k+

Amerikaly aýdymçy Britni Spirsiň “Mendäki zenan” atly kitaby esasynda film surata düşüriler. Variety neşiriniň habar bermegine görä, filme “Wicked: Part One” (Злая: Часть первая) fantastiki lentasy bilen tanalýan Jon Çu we Mark Platt režissýorlyk eder.

Aýdymçy öz ýatlamalarynda kakasynyň uzak wagtlyk hossarlygy, Jastin Timberleýk bilen gatnaşygy, maşgala kynçylyklary ýaly şahsy durmuşyndan ozal näbelli bolan maglumatlary jikme-jik beýan edýär.
“Mendäki zenan” kitaby New York Times neşirindäki wersiýasynda bestseller boldy we bütin dünýäde onuň 2 milliondan gowrak nusgasy satyldy.
Britni Spirs bu taslama baradaky maglumatlary sosial ulgamlarda tassyklady.

“Janköýerlerime Mark Platt bilen gizlin taslamanyň üstünde işleýändigimi aýdýanyma begenýärin. Ol  elmydama meniň halaýan filmlerimi surata düşürýärdi...” – diýip, aýdymçy ýazdy.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......