1938-nji ýylyň seýrek rodsteri 3 million dollara auksiona çykarylýar

  • 03.08.2024 16:43
  • 7.5k+

Awgust aýynyň ortalarynda kuzowy Figoni et Falaschi atelýesinde işlenen, örän seýrek Delahaye 135M rodsteri Gooding&Co auksionyna satlyga çykarylar. Awtoulag bary-ýogy 11 nusganyň biridir we oňa 2-3 million dollar diýip nyrh kesilýär.

Rodster hasap boýunça sekizinji bolup ýasalypdyr we 1938-nji ýylda alžirli telekeçi tarapyndan sargyt edilipdir. Arhiwde 1940-njy ýyllaryň başynda onuň Alžirde bardygyny tassyklaýan suratlar saklanyp galypdyr. Şeýle-de bolsa, 1992-nji ýyla çenli ulagyň soňky ykbaly barada hiç zat belli bolmandyr, diňe 1992-nji ýylda fransuz höwesjeňlerinden biri onuň metal böleklerini satmak bilen meşgullanýan bir adamyň garažynda saklanýandygynyň üstüni açypdyr.


Delahaye 135M, interýeri ýok hem bolsa, deňeşdireňde oňat ýagdaýda ilki Fransiýa, soňra Angliýa eltilip, birnäçe ýyllap dikeldildi. 1997-nji ýylda dikeldiş işleri tamamlanandan soň, awtoulag köpçülige görkezildi.

1999-njy ýyldan bäri Delahaye 135M meşhur amerikan kolleksioneri Robert Petersene degişlidir we wagtal-wagtal onuň muzeýinde sergilenýär. Muzeýiň adyndan hem awtoulag auksiona ýerleşdirildi.
Rodster sürüjisi 116 at güýjüni öndürýän 3,5 litrlik 6 silindrli hereketlendiriji we 4 tizlikli mehaniki korobka bilen enjamlaşdyrylandyr.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....