Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Filippinlerde duşuşyklary geçirdi

  • 03.08.2024 12:51
  • 4.2k+

2-nji awgustda daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Filippinler Respublikasyna iş saparyny amala aşyrdy. Saparyň çäklerinde Manila şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-inde habar berdiler.

Filippin tarapyna – Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň Ikitaraplaýyn gatnaşyklar we ASEAN-yň işleri boýunça sekretarynyň orunbasary Mariýa Tereza Lazaro ýolbaşçylyk etdi.
Geňeşmeleriň barşynda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy nazara almak bilen, ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy ugurlary barada we olary amaly mazmun bilen baýlaşdyrmak dogrusynda pikir alyşmalar boldy.
Şeýle-de taraplar sebitleýin we halkara meseleler boýunça pikir alyşdylar.
Diplomatlar ikitaraplaýyn döwletara hyzmatdaşlyga möhüm itergi berýän ýokary derejedäki gatnaşyklary yzygiderli saklamagyň möhümdigini bellediler.


Söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek meselelerine degip geçmek bilen, diplomatlar energetika, ulag we logistika, oba hojalygy we beýleki pudaklarda hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny mälim etdiler. Söwda hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýyny seljermek bilen, taraplar iki ýurduň import we eksport mümkinçilikleri dogrusynda pikir alyşdylar. Şeýle-de gepleşikleriň barşynda hyzmatdaşlygyň şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň ýagdaýyna we ony giňeltmek baradaky tekliplere hem garaldy.
Şol gün Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary A.Gurbanow bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler sekretary Enrike Manalonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady we ynsanperwer ugurlardaky gatnaşyklaryň ösdürilmegini we şertnamalaýyn-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmegini nazara almak bilen, dürli ugurlardaky ikitaraplaýyn özara bähbitli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge bolan özara  meýil tassyklanyldy.
Gepleşikleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen Filippinler Respublikasynyň Daşary işler departamentiniň arasynda syýasy geňeşmeler barada özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna saparynyň çäklerinde türkmen wekiliýeti bilen Filippinler Respublikasynyň Söwda-senagat edarasynyň wise-prezidenti Jude Aguliaryň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň wekiliýetiniň Filippinler Respublikasyna sapary dowam edýär.


düýn 16:02
877

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

20.06.2026 11:41
3.9k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

20.06.2026 11:35
3.8k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.9k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......