17 ýaşly kanadaly we Awstraliýanyň milli ýygyndysy suwda ýüzmekde täze Olimpiýa rekordlaryny goýdular

  • 02.08.2024 23:29
  • 5.5k+

Kanadaly suwda ýüzüji Sammer Makintoş Pariždäki Olimpiýa oýunlarynda 200 metre batterflýaý usulda ýüzmekde altyn medal gazandy. Ol bu aralygy 2 minut 03,03 sekuntda geçip, täze Olimpiýa rekordyny goýdy.

Kümüş medaly amerikaly Regan Smit aldy (2.03,84). Üçlügi hytaýly Çžan Ýuýfeý jemledi (2.05,09).
17 ýaşly Makintoş üçin bu Pariždäki Oýunlarda üçünji baýrak boldy. Öň, ol 400 metre erkin usulda ýüzmekde kümüş medalyň eýesi boldy we 400 metre toplumlaýyn ýüzüşde ýeňiş gazandy.
Zenanlaryň arasynda 4x200 metre erkin usulda estafeta ýaryşynda hem Olimpiýa rekordy goýuldy. Awstraliýanyň ýygyndysy bu aralygy 7.38,08 wagtda geçip, hytaýlylar tarapyndan Tokio-2020-de goýlan rekordy (7.40,33) täzeledi.
Şeýlelikde, öz hasabyna altyn medallary awstraliýalylar Ariarne Titmus we Molli O’Kallagan goşdy. Molli üçin bu Parižde eýýäm üçünji, Ariarne üçin ikinji çempionlyk titulydyr.
Ýaryşda ikinji orny amerikalylar (7.40,86), üçünji orny hytaýly suwda ýüzüjiler (7.42,34) eýelediler.


21.05.2026 23:19
8.2k+

FIFA Eýranyň 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmagy üçin kepillik berdi

Eýranyň Daşary işler ministrligi ýurduň milli ýygyndysynyň ABŞ-nda, Kanadada we Meksikada geçiriljek 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatyna gatnaşmak üçin Halkara futbol federasiýasyndan (FIFA) kepillik alandygyny......

15.05.2026 18:58
10k+

Klimatologlar dünýä çempionatynda aşa howply yssynyň boljakdygyny duýdurýarlar

Klimatologlar 2026-njy ýylda ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriljek futbol boýunça dünýä çempionatynyň käbir oýunlarynyň futbolçylaryň we janköýerleriň saglygyna zeper ýetirip biljek aşa yssy şertlerde......

05.05.2026 17:34
9.4k+

Meksikaly türgen bir gije-gündiziň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, rekord goýdy

Meksikaly türgen Enrike Sapata 24 sagadyň dowamynda 12 345 gezek turnikde çekilip, dünýä rekordyny täzeledi. Bu netije mundan ozal 11 900 gezek çekilen belgiýaly Lennert Şotsyň rekordyndan ýokary boldy....

05.05.2026 15:03
4.4k+

Abu-Dabidäki attraksion 4,9 sekuntda 240 km/sag tizlik bilen Ginnese girdi

Birleşen Arap Emirlikleriniň Abu-Dabi şäherindäki «Ferrari World» seýilgähinde ýerleşýän «Formula Rossa» attraksiony dünýäniň iň çalt attraksiony hökmünde ykrar edildi....