Hytaýly erkek kişi şol bir zenany iki gezek gark bolmakdan halas etdi. Wakalaryň arasynda 25 ýyl ýatyr

  • 02.08.2024 23:26
  • 11k+

Hytaýyň Hunan welaýatynda täsin bir waka bolup geçdi. Sýuý San atly bir aýaly şol bir adam iki gezek ýapda gark bolmakdan halas etdi. Bu waka barada South China Morning Post neşirinde gürrüň berildi.

Birinji waka köp ýyl mundan ozal, Sýuý San mekdep okuwçysy wagty bolup geçýär. Ol howdana gaçýar we esger Tan Kemin ony çykarýar.
Ikinji waka 25 ýyl soň, 17-nji iýulda bolup geçýär. Eýýäm uly ýaşly Sýuý San awtoulag heläkçiligine uçraýar-da, ulagy ýene şol ýaba gaçýar. Ulagyň kabinasy  derrew suwdan dolup başlaýar, gapylary bolsa petiklenýär. Hytaýly zenan diňe ulagyň penjiresindäki kiçijik yşgalaňdan kellesini çykaryp, kömek sorap gygyrmaga  ýetişýär.
Indi eýýäm 71 ýaşly weteran Tan Kemin şol wagt golaýda bir ýerde nahar bişirýän eken. Ol zenanyň kömege çagyryp gygyrýanyny eşidip, ýene halas etmäge howlukýar. Birnäçe synanyşykdan soň, ol bagda ulanylýan kätmen bilen ulagyň penjiresini döwýär we Sýuý Sana ulagyň suwdan dolan kabinasyndan çykmaga kömek edýär.
Ýerli oba komiteti gaýduwsyzlygy we tutanýerliligi üçin Tan Kemine "Obanyň batyr we hoşniýetli ýaşaýjysy" diýen hormatly ady berdi.
Sýuý San halasgärine hut öz adyndan minnetdarlyk bildirdi we diňe söhbetdeşlik wagtynda 25 ýyl mundan ozal bolan waka ýatlaryna düşdi, şonda özleriniň ozaldan hem tanyşdyklaryna düşünip galdylar.


09.06.2026 07:40
8k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

23.05.2026 15:57
7.7k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
8.1k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
10k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....