Maskyň X sosial ulgamynyň mahabat berijileri kem-kemden azalýar. Ondan gelýän girdejisi 52% kemeldi

  • 02.08.2024 15:53
  • 4.6k+

X sosial ulgamy mahabat berijileriň gaýtadan ynamyna girmekde kynçylyklar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Kompaniýa Ilon Maskyň ýolbaşçylygyndaky hususy eýeçilige geçensoň, girdeji hasabatyny çap etmegini bes etdi. Şeýle-de bolsa, Emarketer-iň berýän maglumatlaryna görä, 2023-nji ýylda kompaniýanyň mahabat girdejisi 52% azalyp, 1,13 milliard dollar boldy.

Emarketer-iň çaklamalaryna görä, şu ýyl mahabat girdejisi 2,5% azalar. Iýun aýynda X-iň ýolbaşçylary mahabat berijileriň 65%-iniň özleriniň platformadaky kampaniýalaryna täzeden başlandyklaryny, ýöne olaryň çykdajylarynyň azalmagynyň ähtimaldygyny habar berdiler. New York Times gazetiniň berýän habaryna görä, ABŞ-da X-nyň girdejisi 114 million dollar bolup, geçen çärýekden 25%, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende bolsa 53% azalypdyr.
2024-nji ýylyň üçünji çärýeginde kompaniýa Olimpiýa oýunlary, futbol wakalary we saýlaw kampaniýalary bilen baglanyşykly mahabatdan 190 million dollar gazanmagy meýilleşdirýär. Şeýle-de bolsa, bu görkeziji, 2023-nji ýylyň üçünji çärýegine garanyňda, 25% pes bolar.
Agzalan kynçylyklara garamazdan, Mask tarapyndan kompaniýanyň işini sazlamak üçin X-iň baş direktory wezipesine bellenen Linda geljege umytly garaýar.

"Maksadym - hemmäňiziň üstünlik gazanmagyňyza we X-nyň global platforma öwrülmegine ýol açmak " - diýip, ol ozal kompaniýanyň işgärleriniň ýolbaşçylar bilen bolan ýygnagynda aýdypdy.


10.05.2026 12:04
1.3k+

Mask Anthropic bilen ylalaşyk baglaşandan soň, xAI-niň aýratyn kompaniýa hökmünde ýapylýandygyny yglan etdi

Emeli aň işläp düzmek bilen meşgullanýan xAI kompaniýasy aýratyn gurluş hökmünde ýapylyp, SpaceX-iň AI bölümine öwrüler. Bu barada kompaniýanyň eýesi Ilon Mask X sosial media platformasynda habar berdi....

27.04.2026 23:00
2.5k+

Kazyýet Maskyň OpenAI-a garşy talaplarynyň bir bölegini ret etdi, kazyýet işi dowam edýär

Kazyýet Ilon Maskyň OpenAI kompaniýasyna we onuň esaslandyryjylaryndan biri bolan Sem Altmana garşy bildiren "kezzapçylyk" aýyplamalaryny ret etdi, emma beýleki aýyplamalar boýunça derňew işleri dowam eder. Bu......

27.04.2026 22:44
6.7k+

Jomartlyk reýtingi: haýyr-sahawat işleri bolmasa, baýlaryň sanawy nähili üýtgärdi

Forbes žurnaly dünýäniň iň baý adamlarynyň täzelenen reýtingini çap etdi, ýöne bu gezek neşir olaryň baýlygyny, haýyr-sahawata bagyşlan serişdelerini hem goşmak bilen, gaýtadan hasaplady....

13.04.2026 23:42
2.9k+

Intel we Ilon Mask «TeraFab» çiplerini öndürmek üçin birleşdiler

Intel korporasiýasy SpaceX, xAI we Tesla bilen bilelikde ägirt uly ýarymgeçiriji önümçiligini döretmek üçin TeraFab taslamasyna goşuldy. Bu taslama Ilon Maskyň kompaniýalaryny her ýyl 1 terawatt (TWt)......