Samsung Electronics arassa girdejisini çaklanyşyndan alty esse ýokarlandyrdy

  • 02.08.2024 15:49
  • 1.3k+

Samsung Electronics ikinji çärýegini oňyn maliýe netijeleri bilen ýapdy. Kompaniýanyň arassa girdejisi alty esse artyp, 6,96 milliard dollara ýetdi. Bu seljerijileriň çaklan 5,8 mlrd dollaryndan ep-esli ýokary boldy diýip, Bloomberg belleýär.

Kompaniýanyň girdejisi 23% artyp, 53,5 milliard dollara we amal girdejisi 15 esse artyp, 7,6 milliard dollara ýetdi.
Ösüşiň esasy hereketlendirijisi ýarymgeçirijileriň önümçilik işidir. Onuň amal girdejisi, HBM çiplerine bolan islegiň ýokarlanmagy sebäpli, 4,7 milliard dollara ýetdi.
HBM3E-niň satuwyndan alnan girdeji, birinji çärýek bilen deňeşdirilende, 50%-den gowrak ýokarlandy. Samsung geljek ýyl HBM-iň önümçiligini iki esse artdyrmagy meýilleşdirýär.
Barlagyň we işläp taýýarlaýyşlaryň çykdajylary 11% artyp, 5,8 milliard dollar boldy.
Işgärleriň iş taşlaýyşlaryna garamazdan, bu önümçiligiň depginine täsir etmedi.
Şeýle hem Samsung ilkinji nobatda bu ýyl serwer segmenti üçin çipleriň üpjünçiligine üns beriljekdigini, şol bir wagtyň özünde smartfon segmentinde girdejiniň AI-li gymmat modellere bolan islegiň hasabyna ösmegine garaşylýandygyny aýtdy. 


24.06.2026 17:02
2.5k+

Samsung Günorta Koreýada iň gymmat kompaniýa bolmagyny bes etdi

Samsung Electronics kompaniýasy soňky 25 ýylyň içinde ilkinji gezek Günorta Koreýanyň iň gymmat kompaniýasy diýen adyny ýitirdi. «Reuters» agentliginiň habar bermegine görä, SK Hynix çip öndürijisi bazar......

17.06.2026 09:59
1.2k+

Samsung kompaniýasy Snapdragon X2 Elite prosessorly Galaxy Book 6 Edge noutbugyny çykardy

Samsung kompaniýasy täze Galaxy Book 6 Edge noutbugyny hödürledi. Bu model Qualcomm kompaniýasynyň Snapdragon X2 Elite prosessory bilen enjamlaşdyrylan Galaxy Book 6 hatarynyň ilkinji önümidir. Emeli aň......

09.06.2026 22:05
2.1k+

Samsung telewizor bazarynyň 30%-den gowragyny özüne berkitdi

Samsung 2026-njy ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça dünýäde telewizor öndürýän iň iri kompaniýa derejesini saklap galdy. Seljerijileriň maglumatlaryna görä, kompaniýanyň dünýä bazaryndaky paýy 31,3%-e......

22.05.2026 20:30
2.6k+

Samsung kompaniýasynyň paýnamalary uly bir iş taşlaýşyň öňi alnandan soň 8,5% ýokarlandy

Samsung kompaniýasy ýarymgeçirijiler bölüminde işçileriň uly iş taşlaýşynyň öňüni almak üçin, aksiýanyň başlanmagyna iki sagatdan hem az wagt galanda kärdeşler arkalaşygy bilen deslapky ylalaşyga geldi....