Bakteriýalardan ekologiýa taýdan arassa beton döredildi

  • 02.08.2024 12:44
  • 1.8k+

Nemes alymlary köplenç gök-ýaşyl suwotulary diýlip atlandyrylýan sianobakteriýalardan emele gelen gadymy gurluşlar - stromatolitlerden ylhamlanan, ekologiýa taýdan arassa biosement döretdiler. Tebigy gurşawda olar takmynan 3 milliard ýylda ösüp ýetişýärler diýip, New Atlas ýazýar.

Scientific American barlaglary adaty betonyň 1 kg-y öndürilende howa 1 kg kömürturşy gazynyň zyňylýandygyny görkezýär. Bu diňe bir ony öndürmekde ulanylýan himiki reaksiýalaryň hasabyna bölnüp çykman, eýsem, 1450℃ temperaturada bişirmek üçin äpet ojaklarda gazylyp alynýan ýangyçlaryň ýakylmagynyň hasabyna hem bölünýär. Häzirki wagtda CO2-niň global zyňyndylarynyň 8%-i beton önümçiliginiň paýyna düşýär.
Täze material kömürturşy gazyny çykarmaýar, tersine “bişýän wagty” ony özüne siňdirýär.
Biosement galyplara guýlup ýa-da 3D çap gurluşlarynda ulanylyp bilner.
Häzirki wagtda alymlar topary materialyň önümçiligini giňeltmek we onuň daşky gurşawa zyýansyzlygyny ýokarlandyrmak mümkinçiligine seredýär.


düýn 10:53
1.7k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.3k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.3k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....