Toyota ulaglaryň typançak şertlerde çaknyşykdan gaça durmagy üçin emeli aňdan peýdalanýar

  • 02.08.2024 12:54
  • 5.2k+

Toyota awtoulaglara typançak şertlerde heläkçiliklerden gaça durmaga kömek edýän emeli aň esasly täze tehnologiýany görkezdi. Tehnologiýany hödürlemek üçin datçikler we awtonom sürüş üçin üýtgeşmeler bilen enjamlaşdyrylan GR Supra ýaryş awtoulagynyň modeli ulanyldy diýip, Hi-tech Mail.ru ýazýar.

Kaliforniýadaky Thunderhill Raceway ýaryş meýdançasynda iki sany GR Supra bilen geçirilen görkezilişiň çäklerinde emeli aň typýan awtoulagyň hereketini awtomatiki gözegçilikde saklady. Birinjiniň gapdalynda hereket edýän ikinji awtoulag çaknyşmazlyk üçin hakyky wagtda onuň hereketlerine reaksiýa bildirdi.
Toyota tarapyndan Stenford uniwersiteti bilen bilelikde işlenip düzülen bu tehnologiýa beýleki awtoulaglaryň özüni alyp barşyny seljerýän, driftiň traýektoriýasyny meýilleşdirýän we heläkçiligiň öňüni almak üçin ruly, gazy we tormozy sazlaýan neýroset modelini ulanýar.

“Biz dünýäde başga hiç kimiň etmedik zadyny etmegi başardyk. Hakykatdan-da iki awtoulagyň tandemde (sazlaşykda) awtonom (özbaşdak) süýşmegi görkezildi, bu ýerde ikinji awtoulag hakyky wagtda reaksiýa döredip, çaknyşmakdan gaça durýar - diýip, Toyota-nyň Research Institute interaktiw sürüş bölümçesiniň wise-prezidenti Awinaş Balaçandran belledi. — Ýollaryň näderejede howpsuz boljagyny göz öňüne getiriň".


24.06.2026 14:05
5k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.2k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......

16.06.2026 09:57
6.1k+

Toyota Ýewropada Hilux modeliniň täze neslini tanyşdyrdy

Toyota kompaniýasy Ýewropada Hilux pikapynyň dokuzynjy neslini görkezdi. Bu model öňki rama gurluşyny we ýolsuz ýerlerde hereket etmek mmükinçiliklerini saklap galdy, ýöne doly täzelenen dizaýna, sanly......