Türkmenistan daşary ýurtlara gawunyň we garpyzyň eksportyny artdyrdy

  • 01.08.2024 21:41
  • 10k+

2024-nji ýylda Türkmenistanda garpyzlaryň we gawunlaryň eksportynyň mukdary artdy.

2024-nji ýylyň 7 aýynda garpyz eksportynyň mukdary tutuş 2022-nji ýyldaky eksportyň umumy mukdary bilen deňeşdirilende 10 esse, gawunyň 2023-nji ýyldaky umumy eksport mukdary bilen deňeşdirilende 9 esse ýokarlandy.
Bu ýyl türkmen garpyzlaryny esasy import ediji ýurtlar Russiýa Federasiýasy we Katardyr. Eksport edilen garpyzlaryň umumy mukdarynyň 62% -i Russiýa Federasiýasyna, 38% -i Katar döwletine iberildi.
Gawunyň şu ýylyň 7 aýyndaky eksporty 2022-nji ýylda gawun eksportynyň umumy mukdaryndan 1,2 esse, 2023-nji ýylda 1,4 esse ýokary boldy. 2024-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda gawun eksportynyň ep-esli bölegi Russiýa geçirildi. Bu ähli eksportyň 79 göterimine deňdir. Gazagystan türkmen gawunlaryny import edýän esasy ýurtlaryň biridir diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1.1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.6k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......