Netflix “Kalmar oýnunyň” ikinji we üçünji möwsüminiň çykjak wagtyny aýtdy

  • 01.08.2024 18:11
  • 7.1k+

Netflix meşhur koreý serialy “Kalmar oýnunyň” ikinji möwsüminiň çykjak senesini mälim etdi. Premýera şu ýylyň 26-njy dekabryna meýilleşdirilýär. Bu barada platformanyň YouTube-kanalynda ýerleşdirilen tizerden belli boldy.

Wideoda täze ölüm howply ýaryşlara gatnaşyjylar we olary gurnaýjylar görkezilýär, olar “Üç ýyl geçdi. Ýene oýnamak isleýärsiňizmi?” diýen sorag bilen ýüzlenýärler.
Ýöne täzelik şunuň bilen gutarmaýar. Netflix serialyň üçünji, ahyrky möwsüminiň 2025-nji ýylda çykjakdygyny hem anons etdi. Serialy dörediji Hwan Don Hek sýužet barada maglumatlar bilen paýlaşdy. Ýagny, birinji möwsümiň baş gahrymany Son Ki Hun dostlaryny ýitirmegine sebäp bolan ganly oýunlary gurnaýjylardan ar almakçy bolýar.
Ýatlap geçsek, “Kalmar oýnunyň” birinji möwsümi Netflix-de 2021-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda görkezildi we global hadysa öwrüldi. Seriala 28 günde tomaşa üçin 1,65 milliard sagatdan gowrak wagt sarp edildi. Şeýle-de, şou 111 mln akkauntdan geçdi we Netflix-iň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy.


07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....

06.06.2026 20:43
3.2k+

«Buz eýýamy» gaýdyp gelýär: Multfilmiň altynjy bölüminiň ilkinji tizeri çykdy

Disney kompaniýasy «Buz eýýamy: Gaýnama nokady» (Ледниковый период: Точка кипения) animasiýa filminiň ilkinji tizerini görkezdi. Multfilmiň premýerasy 2027-nji ýylyň 5-nji fewralyna meýilleşdirildi....

06.06.2026 16:07
6.5k+

Aşgabatda «Tagiýew. Nebit» filmi görkezildi

Aşgabatda Azerbaýjan Respublikasynyň medeniýet günleriniň çäginde «Tagiýew. Nebit» çeper filminiň ilkinji görkezilişi boldy. Kinofilm «Aşgabat» kinoteatrynda köpçülige hödürlendi we iki ýurduň arasyndaky......

04.06.2026 17:22
4.9k+

96 ýaşly tanymal režissýor Klint Istwud karýerasyny tamamlaýar

Meşhur amerikan aktýory we režissýory Klint Istwud kino pudagyndaky karýerasyny tamamlady. Bu barada onuň ogly habar berdi....