Günorta Afrikada egri boýunly žiraf tapyldy

  • 01.08.2024 17:19
  • 12k+

Krýugeriň milli seýilgähinde (Günorta Afrika) boýnunyň adatdan daşary deformasiýasy bolan žiraf tapyldy. Egrem-bugram boýunly žirafy bloger Linn Skott görüpdir diýip, Live Science ýazýar.

Hünärmenler henizem bu adaty bolmadyk ýagdaýyň sebäbini açmakda kynçylyk çekýärler. Weterinar Sara Ferýuson bolsa, bu anomaliýanyň boýny egrilikden gelip çykýandygyny çaklaýar.
Beýleki žiraflar bilen bolan çaknyşyk esasynda şikeslenmek ähtimallygy, žirafyň ýaşynyň kiçi bolmagy sebäpli hünärmenler tarapyndan kabul edilmeýär. 
Žirafy goramak maksady bilen onuň ýerleşýän ýeri aýan edilmedi. Haýwanyň şeýle deformasiýa bilen näçe wagt ýaşap biljekdigi belli däl.


20.09.2025 18:04
4.2k+

Uber Naýrobi milli seýilgähi üçin Safari syýahatçylyk hyzmatyny ýola goýdy

Uber kompaniýasy Uber Safari atly täze hyzmaty ýola goýdy. Hyzmat paýtagtyň içinde ýerleşýän ýeke-täk ýabany tebigat goraghanasy bolan Naýrobi milli seýilgähine gezelençleri hödürleýär. Taslama Uberiň Gündogar...

18.09.2025 10:44
5.2k+

Günorta Afrika Respublikasynda adamsyna aýalynyň familiýasyna geçmäge rugsat berildi

Günorta Afrikanyň kazyýeti adamsyna aýalynyň familiýasyny almagy gadagan edýän kanuny ýatyrdy diýip, BBC neşiri habar berýär. Bu kanuna täzeden garalmagyna iki är-aýalyň talap arzalary sebäp boldy. Genri wan der Merwe aýaly Ýana Ýordanyň familiýasyny almak isledi, Andreas Bornman bolsa familiýasyny aýaly Jess Donneliniň familiýasynyň bir bölegini öz içine alýan goşa familiýa üýtgetmek isledi...

27.08.2025 14:16
12k+

Afrikada kerkleriň şahlaryna radioaktiw izotoplary sanjyp başladylar. Näme üçin?

Günorta Afrika Respublikasynda Rhisotope taslamasy (iňlisçe “rhinoceros” – kerk  we “isotope” – izotop diýmegi aňladýar) başlandy. Başlangyjyň çäklerinde brakonýerlerden (bikanun awçylyk edýänlerden) ejir çekýän kerkleriň populýasiýasyny goramak üçin haýwanlaryň şahlaryna radioaktiw izotoplar sanjym edilýär...

18.03.2025 07:47
5.1k+

Dinozawrlar 140 million ýyl ozal Keýptaunyň töwereklerinde yz galdyrypdyrlar

Günorta Afrikanyň Günbatar-Kap prowinsiýasynda dinozawrlaryň 140 million ýyllyk yzlary tapyldy. Bular bu sebitden tapylan ilkinji şuňa meňzeş tapyndydyr we yklymyň günortasynda dinozawrlaryň iň "ýaş" yzlarydyr...