Hytaýda lukmanlar bir adamyň öýkeninden dykylyp galan çili burçuny çykardylar

  • 01.08.2024 17:39
  • 7.5k+

Hytaýyň 54 ýaşly, Sýuý familiýaly ýaşaýjysy iki ýyl bäri üsgülewükden ejir çekýän eken. Köp sanly barlaglara we berlen bejergilere garamazdan, lukmanlar onuň keseliniň sebäbini anyklap bilmändirler.

Ahyrynda, öýken skanirlemesinden soň, ol adamda bir santimetr töweregi ösüntginiň bardygy anyklanypdyr. Çiş bardyr diýip çaklan lukmanlar operasiýa etmek kararyna gelipdirler.
Emma South China Morning Post gazetiniň ýazmagyna görä, operasiýa wagtynda üsgülewigiň sebäbiniň asla rak däl-de, hassanyň sag öýkenine çili burçunyň bir böleginiň  dykylyp galandygy ýüze çykypdyr.
Soň görlüp oturylsa, iki ýyl ozal Sýuý nahar iýip otyrka düwnügipdir, megerem, şonda burçuň bir bölegi onuň dem alyş ýoluna düşen bolmaly.
Lukmanlar bu tapyndy üýtgeşik hem bolsa, birinji gezek duş gelýän waka däldigini bellediler. Olar iş ýüzünde öýkeninden haýwan süňküniň, diş proteziniň we hatda gulakhalkanyň bölekleri çykan näsaglara hem duş gelipdirler.


09.06.2026 07:40
8k+

Hytaýyň Guýçžou welaýatyndaky güýçli ýagyşlar sebäpli 10 müňe golaý adam göçürildi

Hytaýyň günorta-günbatar böleginde ýerleşýän Guýçžou welaýatynda güýçli ýagyşlar suw joşgunlaryna sebäp boldy. Häkimiýetler 10 müňe golaý adamy gyssagly göçürmäge mejbur boldy diýip, Xinhua agentliginiň habar......

23.05.2026 15:57
7.7k+

Hytaýdaky kömür şahtasynda heläkçilik boldy

Hytaýyň demirgazygyndaky Şansi welaýatynda ýerleşýän kömür şahtasynda partlama boldy. Gynançly wakanyň netijesinde azyndan 90 adam pida boldy diýip, Hytaýyň döwlet CCTV telekompaniýasy habar berýär....

20.05.2026 15:16
8.1k+

Hytaýyň günorta we merkezi sebitleri güýçli ýagyşlardan we ýer süýşgünlerinden ejir çekdi

Hytaýyň günorta we merkezi sebitlerinde ýagan güýçli ýagyşlar sil suwlaryna we ýer süýşgünlerine getirdi....

18.05.2026 21:05
10k+

Hytaýyň günortasynda bolan ýer titremesinden soň 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi

Hytaýyň günortasyndaky Lýuçžou şäherinde 5,2 bal güýji bolan ýer titremesi boldy. Tebigy betbagtçylyk sebäpli 7 müňden gowrak adam başga ýere göçürildi diýip, Reuters agentligi habar berýär....