Beýnisine implant oturdylan ysmaz hassa pikiriň güýji bilen Apple Vision Pro-ny dolandyrýar

  • 01.08.2024 15:08
  • 3.4k+

Synchron neýrotehnologiki startapy beýni implantynyň Apple Vision Pro garniturasyna üstünlikli çatylmagyny mälim etdi. Synchron beýni-kompýuter interfeýsi (brain-computer interface, BCI) ysmaz hassa aň arkaly enjamlary dolandyrmaga kömek edýär diýip, CNBC habar berýär.

Apple Vision Pro garniturasy, adatça, göz hereketleri, ses buýruklary we el hereketleri bilen dolandyrylýar. BCI-yň kömegi bilen, gürläp ýa-da ellerini gymyldadyp bilmeýän hassalar üçin garniturany dolandyrmak elýeterli boldy.
Bu tehnologiýany ilkinji gezek amiotrofik gapdal sklerozdan ejir çekýän 64 ýaşly näsag Mark synady. 2023-nji ýylyň awgust aýynda Marka BCI Synchron implanty oturdyldy. Ol Vision Pro-ny hepdede iki gezek oýun oýnamak, sms ugratmak we telewizora tomaşa ýaly buýruklar bilen synagdan geçirýär. Elini surat çekmek üçin ulanyp bilmeýänligi üçin Vision Pro-da şekil döretmegi öwrenýär. Şeýle hem Mark asman ýyldyzlaryny öwrenmäge mümkinçilik berýän programmany halaýar.
Mark: “Bu meniň özümi garaşsyz duýmagym üçin başga bir mümkinçilikdir. Aslynda bu gaty täsin”.
Häzirki wagtda kompaniýa ABŞ-da alty, Awstraliýada dört hassa BCI-y oturtdy. Synchron-yň baş direktory Tomas Oksli, Apple-iň Vision Pro-nyň integrasiýasyny goldaýandygyny we kompaniýanyň geljekde beýleki öndürijileriň garnituralaryna BCI-y birikdirmegi meýilleşdirýändigini belläp geçdi. Startap ABŞ-nyň Azyk we derman serişdeleri müdirligi (FDA) tarapyndan tassyklanylandan soň, uly göwrümli kliniki barlaglardan geçer.
Synchron startapy, Paradromics, Precision Neuroscience, Blackrock Neurotech we Neuralink ýaly kompaniýalaryň arasyndaky bäsdeşligiň bir bölegidir. Ýöne bu kompaniýalar özleriniň iş maksatlary, taslamalary bilen düýpgöter tapawutlanýarlar.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

30.05.2026 00:14
2.4k+

Gün işjeňligi kosmos galyndylarynyň orbitadan çykmagyny çaltlaşdyrýar

Alymlar Günüň işjeňliginiň artmagynyň, atmosferanyň ýokarky gatlaklarynyň giňelmegi sebäpli, kosmos galyndylarynyň Ýeriň orbitasyndan çykmagyny çaltlaşdyrýandygy barada netijä geldiler....