Fransiýaly suwda ýüzüji iki sagatda iki altyn medal gazandy we Oýunlaryň iki rekordyny täzeledi 

  • 01.08.2024 14:50
  • 3.7k+

Fransiýaly suwda ýüzüji Leon Marşan Pariždäki Oýunlarda ilkinji üç gezek Olimpiýa çempiony boldy. Ol 31-nji iýulda iki altyn medal gazandy. Türgen birinji medalyny ilki 200 metre batterflýaý usulda ýüzmekde, ikinji medalyny bolsa bir sagatdan soň 200 metre brass usulynda ýüzmekde aldy.

Şol bir wagtyň özünde, Marşan iki ýüzüşde-de 1.51,21 (200 m batterflýaý) we 2.05,85 (200 m brass) wagty görkezip, Olimpiýa rekordlaryny goýdy. Bir Olimpiadada iki distansiýada ýeňiji bolmak öň hiç bir suwda ýüzüjä, hatda meşhur amerikaly Maýkl Felpse-de başartmandy.
Mundan öň, 28-nji iýulda, Marşan 400 metre toplumlaýyn ýüzüşde altyn medal gazandy, ol bu ýaryşda hem Olimpiýa rekordyny goýdy (4.02,95).
22 ýaşly türgen Olimpiadada ýene bir ýaryşa – 200 metre toplumlaýyn ýüzüşe gatnaşmagy meýilleşdirýär. Deslapky ýüzüşler 1-nji awgustda geçiriler.


02.06.2026 17:37
5.1k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

02.06.2026 12:06
10k+

Futbol nebereleri: Zidanyň ogly DÇ-2026-da Alžiriň düzüminde oýnar, Ançelottiniň ogly bolsa «Lilliň» tälimçisi boldy

Alžiriň Futbol federasiýasy öňümizdäki dünýä birinjiligine gatnaşjak milli toparyň gutarnykly sanawyny mälim etdi. Bu sanawa Ispaniýanyň «Granada» klubunyň 28 ýaşly derwezeçisi, meşhur fransuz futbolçysy......

14.05.2026 10:38
3.3k+

«PSŽ» 14-nji we yzygider bäşinji gezek Fransiýanyň çempiony boldy

«PSŽ» möhletinden ir Fransiýanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy....

13.05.2026 09:28
3.7k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......