Netflix Kianu Riwziň komiksini animasiýa serialy görnüşinde ekranlaşdyrýar

  • 01.08.2024 11:14
  • 2.4k+

Netflix Kianu Riwziň BRZRKR komiksi esasynda animasiýa serialynyň önümçiligini yglan etdi. Taslama “Terminator Zero” -nyň ssenariýeçisi Mattson Tomlin ýolbaşçylyk eder. Häzirki wagtda ol topar döredýär diýip, IGN neşiri habar berdi.

Serialyň üstünde üstümizdäki ýylyň güýzünde işlenip başlanar. Kianu Riwziň hut özi baş gahrymana ses berer. Jemi iki möwsüm meýilleşdirilýär we Riwz olary uly franşiza hökmünde ösdürmegi umyt edýär. Şol bir wagtyň özünde, komiks boýunça film döretmegiň hem üstünde işlenýär, munuň üçin edebi esasyň garalamasy eýýäm taýýar.
Serialyň goýberiljek senesi entek takyk aýdylmady.
BRZRKR komiksi 615 müňden gowrak tiraž bilen soňky 25 ýylyň içinde iň geçginli komiks-taslamalaryň birine öwrüldi. Sýužeti 80 müň ýyl bäri ýaşaýan Berserker atly ölmez-ýitmez söweşiji hakda gürrüň berýär.


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......