Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi talyplyga kabul edýär

  • 31.07.2024 17:08
  • 3.2k+

Aşgabat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi 2024/2025-nji okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça talyplyga kabul edýär:

  1. Buhgalterçilik hasaba alnyşy.
  2. Maliýe we karz.
  3. Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş.
  4. Salgytlar we salgyt salmak.
  5. Ykdysadyýet we hojalyk hukugy.
  6. Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary.

Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebine Aşgabat şäherinde hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. 
Okuwyň möhleti 2 ýyl.
Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde  okuwlar tölegli esasda  alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2024-nji ýylyň 15-nji iýuly — 19-njy awgusty aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

  • — bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;  
  • — bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa); 
  • — bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy); 
  • — Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; 
  • — soňky okan ýerinden (işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama; 
  • — bellenilen nusga boýunça okuw üçin tölegi öz wagtynda amal etmegiň kepil
  •      haty; 
  • — 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat; 
  • — işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi; 
  • — okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklerine gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýarlar. 

Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: 

  • —  pasportyny;  
  • — harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny. 

Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. 
Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň awgust aýynyň  22-23-i, 25-i we 26-sy günlerinde geçirilýär.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça matematika, Türkmenistanyň taryhy, jemgyýeti öwreniş derslerinden geçirilýär.  
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär. 
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär. 
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtda synaga esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da dersleriň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär. 
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen ýagdaýynda, bäsleşiksiz we talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň rejelenen görnüşinde kesgitlenen düzgünlere laýyk gelýän  dalaşgärler peýdalanýarlar. 
Aşgabat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň salgysy:
Aşgabat ş., (1987) Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow şaýoly, 112; tel.: 49-64-25, 49-64-29, 49-00-52.


düýn 18:58
2.5k+

TDBGI-niň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby Kadyrberdi Artykow Astanada (Gazagystan) geçirilen «GDA-nyň iň gowy talyby» atly halkara bäsleşigiň ýeňijisi boldy....

19.06.2026 18:41
3.7k+

Türkmenistanyň bilim ministri Sankt-Peterburgda geçirilen maslahatda çykyş etdi

Bilim ministri Jumamyrat Gurbangeldiýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 18-nji iýunda Sankt-Peterburg şäherinde geçirilen medeni gatnaşyklary pugtalandyrmak we kreatiw hem-de döredijilik......

19.06.2026 11:24
5.7k+

Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanda «Ýylyň talyby» boldy

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň Halkara ykdysadyýet we menejment fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Daniýar Emirkulyýew Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda geçirilen......

16.06.2026 14:46
4.4k+

HHR-iň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerinde okamak üçin resminamalar kabul edilýär

Türkmenistanyň Bilim ministrligi 2026/2027-nji okuw ýyly üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Sinszýan-Uýgur awtonom raýonynyň ýokary okuw mekdeplerine ýokary hünär bilimi (bakalawr) maksatnamasy boýunça seçip alyş......