Ýaponiýanyň öňdeligi we “hamyla” türgen: Olimpiadanyň 4-nji gününiň esasy wakalary

  • 31.07.2024 13:17
  • 2.6k+

Ýaponiýanyň milli ýygyndysy dördünji ýaryş güni tamamlanandan soň Parižde dowam edýän Olimpiadanyň medal sanawynda öňdeligini saklady. 30-njy iýulda dzýudoçy Takanori Nagase 81 kg çenli agram derejesinde altyn medal gazanyp, Ýaponiýanyň medal sanyny 13-e ýetirdi: ýedi altyn, iki kümüş we dört bürünç.

Hytaýyň milli ýygyndysy alty altyn, alty kümüş we iki bürünç medal bilen ikinji orna çykdy. Üçünji orny alty altyn we dört kümüş medal bilen Awstraliýanyň topary eýeleýär. ABŞ umumy medal sany boýunça öňde barýar (20), ýöne olardan diňe üçüsi altyn.

Gyzykly wakalar:
Stend atyşygy: Wenesueladan 60 ýaşly atyjy Leonel Martines ýaryşyň iň uly ýaşly gatnaşyjylarynyň biri boldy. Onuň üçin bu ikinji Olimpiada, ýöne birinji Olimpiadasyna kyrk ýyl mundan ozal – 1984-nji ýylda gatnaşdy. Şol Oýunlardan soň Martines sporty taşlap, biznes bilen meşgullandy, ýöne 2010-njy ýyllaryň başynda gaýdyp gelmek kararyna geldi. 30-njy iýulda geçirilen stend atyşygy boýunça ýaryşda Martines 28-nji orny eýeledi.
Gylyçlaşma: Müsürden gylyçlaşma boýunça zenan türgen Nada Hafez Pariždäki Olimpiadada hamylalygynyň ýedinji aýynda çykyş etdi. “Meýdançada iki gatnaşyjy bar ýalydy, ýöne hakykatda olar üçdi. Men, meniň garşydaşym we heniz dünýä inmedik çagam” – diýip, Hafez habar berdi. Onuň hamyladygyny hatda onuň tälimçisi hem aňmandyr. Müsürli Olimpiýa ýaryşynda 1/8 finala çykyp, Günorta Koreýanyň wekilinden utuldy.
Tennis: Ispaniýalylar Rafael Nadal we Karlos Alkaras Olimpiýa ýaryşynda jübüt görnüşde ikinji tapgyr oýunda ýeňiş gazandylar. Olar niderlandlylar Wesli Kolhof bilen Tallon Grikspordan 6:4, 6:7 (2:7), 10:2 hasabynda üstün çykdylar. 1/4 finalda olar amerikalylar Rajiw Ram bilen Ostin Kraýçeka garşy oýnarlar.
Gimnastika: ABŞ-nyň sport gimnastikasy boýunça zenanlar ýygyndysy toparlaýyn ýaryşda altyn medal gazandy. Toparyň agzalarynyň biri Simona Baýlz bäşinji gezek Olimpiýa çempiony boldy.
Regbi: Täze Zelandiýanyň zenanlar ýygyndysy finalda Kanadany 19:12 hasabynda utup, altyn medal gazandy.


düýn 20:10
6.3k+

Halkara Olimpiýa komiteti Olimpiýa oýunlaryna gatnaşyjylaryň ählisi üçin 10 müň dollarlyk grant girizer

Halkara Olimpiýa komiteti 2026-njy ýylda Milanda geçiriljek Olimpiýa oýunlaryndan başlap, Olimpiýa oýunlarynyň ähli gatnaşyjylary üçin 10 müň dollarlyk grant girizer....

24.06.2026 10:20
2.6k+

2030-njy ýylyň Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň nyşanlary hödürlendi

2030-njy ýylyň Oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Fransiýanyň Alp daglarynda geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň logotiplerini hödürledi....

18.06.2026 14:40
4.5k+

Los-Anjeles — 2028-e tarap ýoluň başlangyjy: 16 türkmen dzýudoçysy Ulan-Batora ugrady

19—21-nji iýun aralygynda Ulan-Bator (Mongoliýa) şäherinde dzýudo boýunça abraýly «Uly tuwulga» ýaryşy geçiriler. Halkara dzýudo federasiýasynyň (IJF) resmi saýtynda habar berlişi ýaly, ýaryşlara dünýäniň 58......

06.05.2026 23:46
2k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....