Serdar Berdimuhamedow Yragyň ýolbaşçylaryny diplomatik gatnaşyklaryň 15 ýyllygy bilen gutlady

  • 31.07.2024 13:11
  • 1.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Yrak Respublikasynyň Prezidenti Abdul Latif Raşide, Premýer-ministri Mohammed Şiýa Al Sudanä hem-de ýurduň ähli halkyna iki döwletiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 15 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Döwlet Baştutany Türkmenistan bilen Yrak Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny hem-de ony giňeltmäge gyzyklanma bildirýändigini belläp, hyzmatdaşlygyň geljekde bilelikdäki tagallalaryň netijesinde, halklarymyzyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi.
Serdar Berdimuhamedow ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Abdul Latif Raşide, Premýer-ministr Mohammed Şiýa Al Sudanä tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Yragyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş, rowaçlyk arzuw etdi.


düýn 11:41
3.1k+

Türkmenistan bilen Malaýziýanyň arasynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda geçirilen ikitaraplaýyn hem-de iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam......

düýn 11:35
3k+

Türkmenistanyň Prezidenti bilen Malaýziýanyň premýer-ministriniň arasynda gepleşikler geçirildi

19-njy iýunda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen Türkmenistana resmi sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler geçirildi. Bu barada......

19.06.2026 08:13
1.8k+

Türkmenistanyň Malaýziýadaky ilçisi şol bir wagtda Bruneýdäki ilçi wezipesine bellenildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Malaýziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Muhammetnyýaz Maşalowy şol bir wagtda Türkmenistanyň Bruneý Darussalam Döwletindäki Adatdan......

19.06.2026 08:05
3.5k+

Malaýziýanyň premýer-ministri resmi sapar bilen Türkmenistana geldi

18-nji iýunda Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahim resmi sapar bilen Türkmenistana geldi. Saparyň çäklerinde Aşgabatda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge bagyşlanan gepleşikleriň......