Robert Dauni-kiçi Marvel filmlerinde täze keşbi üçin 80 mln dollardan gowrak gazanar

  • 30.07.2024 22:26
  • 3.1k+

Robert Dauni-kiçi hemişe Marvel kinoäleminde surata düşýän iň ýokary zähmet hakly aktýordy, ýöne onuň tölegi bäşinji we altynjy “Ar alyjylarda” (Мстители) has ýokary bolup biler.

Variety neşiriniň maglumatlaryna görä, aktýora “Ar alyjylar: Kyýamat güni” we “Ar alyjylar: Gizlin uruşlar” filmlerinde Doktor Dumyň keşbi üçin 80 mln dollardan gowrak pul tölener. Şeýle-de, KHBS Robertiň filmlere gaýdyp gelmegi üçin şert goýandygyny aýdýarlar.
Ýagny, Robert Dauni-kiçi täze filmleriň režissýorlarynyň “Ar alyjylar: Bakylyk urşy” we “Ar alyjylar: Final” lentalaryny surata düşüren doganlar Russonyň bolmagyny isläpdir. Bu şeýle hem boldy, aktýoryň özi bolsa kinoäleme gaýdyp geldi.
“Kyýamat gününiň” premýerasy 2026-njy ýylyň 1-nji maýynda bolar, “Gizlin uruşlar” bolsa 2027-nji ýylyň 7-nji maýynda prokata çykar. 


düýn 20:14
2k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......